Türkmenistandan üç startap Digital StartUp Awards bäsleşiginde maýa goýum almagy başardy

  • 17.12.2025 12:05
  • 4.6k+

Daşkent şäherinde geçirilen "Digital StartUp Awards" bäsleşiginiň Incubation Track tapgyrynyň jemleýji gününde (Demo Day) Türkmenistanyň üç startapy — Hiňlen, Zootel we Opportunities Nearby — her biri 10 000 dollar möçberinde maýa goýum serişdelerini almaga hukuk gazandylar. Maýa goýujylaryň öňünde edilen tanyşdyrylyşlardan (pitching) soň, bu taslamalaryň sebit derejesinde giňelmäge (scaling) bolan uly mümkinçilikleri ýokary baha eýe boldy.

Çäre IT-Park Uzbekistan tarapyndan guralan inkubasiýa maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Maksatnama sekiz döwletden gelip gowşan 200-den gowrak arzalaryň arasyndan saýlanyp alnan 30 sany taslama gatnaşdy.
Berk saýlawlaryň netijesinde Türkmenistandan gatnaşan üç taslamanyň hemmesi 30 gatnaşyjynyň arasyna girmegi başardy. Üç aýlyk güýçlendirilen onlaýn maksatnamadan soňra bolsa, türkmen startaplarynyň üçüsi hem finalçylaryň hataryna goşuldy. Finala çykan taslamalaryň sany boýunça Türkmenistan Gazagystandan soňra ikinji orny eýeledi we finalçylaryň 20%-ini emele getirdi.


14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

03.04.2026 09:34
2.1k+

TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň......

06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.6k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...