Türkmenistan türki dilli döwletleriň birinji küşt çempionatyna gatnaşdy

  • 17.12.2025 11:49
  • 2.5k+

Türkiýäniň Gaziantep şäherinde 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda türki dilli döwletleriň birinji küşt çempionaty tamamlandy. Türki döwletleriň guramasynyň howandarlygynda 13-nji dekabrda geçirilen ýaryşa Azerbaýjanuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň ýygyndy toparlary we Türkiýeden üç topar gatnaşdy.


Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşy bäşinji orunda tamamlady. Toparyň düzüminde Gurbanmyrat Rüstemow we Mähri Agamyradowa iň gowy netijeleri görkezdiler. Ýaryşyň netijelerine görä, Rüstemow özüniň halkara reýtingini 73,6 ballyk ýokarlandyrmagy başardy.
Umumy toparlaýyn hasapda Azerbaýjanyň ýygyndysy birinji orny eýeledi. Ikinji orna Özbegistanyň topary (goşmaça görkezijiler esasynda), üçünji orna bolsa Türkiýe-1 topary mynasyp boldy.

Çempionatyň çäklerinde türki dilli döwletleriň küşt federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň wekili Türki küşt assosiasiýasyny döretmek meýilnamalaryna, hyzmatdaşlygy giňeltmäge, bilelikdäki ýaryşlary guramaga we sebitde çagalaryň hem-de ýetginjekleriň arasynda küşdi ösdürmäge degişli ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşdy. Baş assambleýa hormatly myhmanlar, şol sanda Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hem gatnaşdy.


düýn 17:52
4.3k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

20.06.2026 01:00
3.4k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......