Lexus gaýtadan dikeldilen LFA superkar konseptini görkezdi

  • 14.12.2025 23:22
  • 3.7k+

Lexus ýapon konserni LFA konseptual superkaryny görkezdi. Bu konsept öň "Lexus Sport" ady bilen görkezilen hem bolsa, awtoulag öndürijisi indi bu wersiýanyň LFA-nyň indiki nesli üçin prototip bolup hyzmat etjekdigini tassyklady.

Flagman  kupäniň prototipi "Toyota0-nyň "GR GT" seriýasyndan iki superkaryň hem debýuty guralan çäresiniň çäklerinde görkezildi.
Täze model "Toyota GR GT" modeli bilen umumy platformany we alýumin güýç gurluşyny, şeýle hem 2725 millimetrlik meňzeş tigir bazasyny paýlaşýar. Konseptiň daşky görnüşinde asyl LFA-nyň dizaýnyna birnäçe saldamlar bar. Bulara umumy sudur, salonyň aňyrsynda ýerleşýän häsiýetli gapdal howa sorujylar we kapotda şemalladyş deşikleri degişlidir.
Interýer hem, mysal üçin, sürüjini we ýolagçyny bölýän aşak eňňit merkezi konsolynyň hasabyna dowamaty saklaýar.
Görkeziliş dabarasynda kompaniýa gabaritleri açdy, ýöne tehniki häsiýetnamalaryny aýan etmedi. Bu konsept doly elektrik ulagy hökmünde yglan edilýär we batareýa bilen işleýän ulagy ösdürmekde sport ugrunyň özboluşly barlagyny görkezýär. Kaşaň elektrik awtoulagynyň köpçülikleýin önümçilige goýberilmegi meýilleşdirilýän-meýilleşdirilmeýändigi entek belli däl.
 


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.3k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....