«Baky Tylla» bilim merkezi: geljekki çempionlar üçin ýol açylýar

  • 14.12.2025 12:23
  • 7.3k+

Häzirki zaman sanly dünýäsinde üstünlik gazanmak, diňe bir tehnologiýany ulanmagy däl, eýsem ony döretmegi we çylşyrymly meseleleri çözmegi başarmagy talap edýär. «Baky Tylla» bilim merkezi hut şu maksat bilen, ýaş zehinleriň gizlin mümkinçiliklerini açmak we olary dünýä derejesindäki hünärmenler edip ýetişdirmek üçin hereket edýär.

Biz kim?
«Baky Tylla» — Türkmenistanyň ýaşlaryny informatika, matematika we algoritmiki pikirlenme boýunça ýokary derejeli bilim bilen üpjün etmäge ýöriteleşen bilim merkezidir. Biziň esasy wezipämiz okuwçylary diňe bir programmirleme dilleri bilen tanyşdyrmak däl, eýsem olary Halkara Informatika Olimpiadasyna (IOI) we beýleki abraýly dünýä bäsleşiklerine taýýarlamakdyr.
Merkeziň hünärmenleri ýaşlykda alnan düýpli bilimiň geljekde uly artykmaçlyk berýändigine ynanýarlar. Şoňa görä-de, bizde sapaklar halkara derejesinde medallara mynasyp bolan, tejribeli ýaş mugallymlar tarapyndan alnyp barylýar. Okuw materiallarynyň köpüsi, okuwçylaryň tehniki iňlis dilini kämilleşdirmekleri we global çeşmelerden peýdalanyp bilmekleri üçin iňlis dilinde öwredilýär.

“Baky Tylla” bilim merkeziniň gazananlary:
2025-nji ýyl «Baky Tylla» üçin has-da üstünlikli ýyl boldy. Bilim merkeziniň okuwçylary halkara giňişliginde Türkmenistanyň adyny buýsanç bilen goradylar:

  • Info(1)Cup: 2 bürünç medal
  • IATI: 3 bürünç medal
  • IZHO: 1 bürünç medal
  • Al-Khwarizmi: 1 kümüş we 1 bürünç medal
  • KhMIO: 1 kümüş we 1 bürünç medal

Şeýle hem, Informatika boýunça döwlet olimpiadasynda köp sanly baýrakly orunlar.

Haýsy okuwlar hödürlenilýär?
Bilim merkezBiz okuwçylara ýönekeý kod ýazmakdan başlap, uniwersitet derejesindäki çylşyrymly algoritmlere çenli barýan 5 tapgyrly, strukturalaşdyrylan ýoly hödürleýäris:

  1. C++ Programmirleme Dili 1: Programmirlemä giriş we esaslar.
  2. C++ Programmirleme Dili 2: Dili kämilleşdirmek we mesele çözmek ukyplaryny ösdürmek.
  3. Algoritm Dizaýny we Analizi: Netijeli algoritmleri gurmak we olaryň dogrulygyny subut etmek.
  4. Ösen Maglumat Gurluşlary: Olimpiada derejesindäki çylşyrymly meseleleri çözmek.
  5. Informatika Olimpiadalaryna Taýýarlyk: Halkara Olimpiada ýöriteleşdirilen taýýarlyk.

Bulardan başga-da, merkezde Matematika we Iňlis dili boýunça ýöriteleşdirilen sapaklar hem alnyp barylýar.

Howlugyň! Täze okuw möwsümi başlaýar!
«Baky Tylla» bilim merkezi täze, gyşky okuw möwsümini açyk diýip yglan edýär! Eger siz hem programmirleme dünýäsine ilkinji ädimleriňizi ätmek, bar bolan bilimleriňizi çuňlaşdyrmak ýa-da halkara olimpiadalaryň ýeňijisi bolmak isleýän bolsaňyz, bu mümkinçiligi elden gidirmäň.
Okuwlar 15-nji dekabrda başlanýar. Ýazylyşyk 21-nji dekabra çenli dowam eder.

Çaganyň geljegi şu günki alýan bilimiňize bagly. Geliň, üstünlikli geljege bilelikde gadam basalyň!
Ýazylmak we goşmaça maglumat üçin habarlaşyň!
Email: baky.tylla@gmail.com
Telefon: +993 64 445894


25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......