TikTok 2025-nji ýylyň aýdym-saz trendlerini we iň meşhur aýdymçylaryny kesgitledi

  • 13.12.2025 17:35
  • 6.4k+

TikTok 2025-nji ýylyň aýdym-saz boýunça netijelerini jemledi. Häzirki wagtda milliarddan gowrak ulanyjysy bolan bu platforma täze aýdymçylaryň peýda bolýan we köne hit aýdymlaryň çartlara gaýdyp gelýän ýerine öwrüldi.

TikTok aýdym-saz trendleriniň esasy çeşmesi boldy. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda Billboard çartynda birinji orny eýelän 10 aýdymdan sekizisi ilki hut TikTok-da wirus boldy.
Platforma ýylyň esasy global artisti diýip Los-Anjelesden Katseye toparyny atlandyrdy. Bu topar ABŞ-dan, Günorta Koreýadan, Şweýsariýadan we Filippinlerden agzalary jemleýär. Şeýle-de, TikTok-da global artistleriň onlugyna Alan Arietta, Enhypen, Bad Bunny, Stray Kids, Teýlor Swift, Ledi Gaga, Fuerza Regida, Billi Aýliş we Ariana Grande girdi.
Ýylyň esasy wirus bolan wakasy Gnarly bilen Gabrielanyň aýdymlarynyň astynda tans fleşmoblary boldy. Olar ýüzlerçe million tomaşa ýygnap, Spotify we Billboard çartlaryna çykdy.
Ýylyň aýdymy Konni Frensisiň Pretty Little Baby (1962) aýdymy boldy. TikTok ulanyjylary ony wideolarda 28 million gezekden köp ulandy, umumy tomaşa sany bolsa 68 milliarddan geçdi.
Aýdymy saklap galmagyň sany boýunça öňdebaryjy Teýlor Swift boldy – onuň aýdymlary 3 milliard gezekden köp saklanyp galdy.
Ýylyň iň meşhur aýdymy hökmünde sombr-yň Back to Friends aýdymy saýlandy: 7,7 million wideo, 21,7 milliard tomaşa, Spotify-da 1,1 milliard gezekden köp diňleme. Şeýle-de, aýdym Spotify Billions Club-a goşuldy.
Iň meşhur albom Billboard 200 çartynda birinji orny eýelän Teýt Makreýiň So Close To What albomy boldy.
Ýylyň aýdym-saz trendi Doechii-niň Anxiety aýdymy boldy. Bu aýdym global fleşmoba getirip, 51 mlrd tomaşa ýygnady.  

Ýylyň awtory diýlip Nýu-Ýorkdan kompozitor we aýdymçy EJAE ykrar edildi. Oňa üstünlik gazanmaga, esasan, «Keý-pop melgun awçylary» multfilminiň Golden saundtreki ýardam etdi. EJAE bu multfilmde HUNTR/X toparynyň öňdebaryjysy Rumä hem ses berdi. 


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......