Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy açyldy

  • 10.12.2025 06:35
  • 7.3k+

9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Gaznanyň şahamçasy çylşyrymly operasiýalary geçiren ýa-da uzak möhletli bejergi alýan çagalara toplumlaýyn lukmançylyk kömegini guramak üçin möhüm merkez bolar. Şeýle hem ol haýyr-sahawat çärelerini geçirmek, çagalar üçin lukmançylyk maslahatlaryny we medeni çäreleri guramak üçin utgaşdyryjy merkez bolar.
Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahata gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetleriň ýolbaşçylary hem-de agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we ylym-bilim ulgamynyň wekilleri bar.
Açylyş dabarasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş etdi.

Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda ýurdumyzyň Döwlet tugy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna bagyşlanan ýörite sazyň ýaňlanmagynda gaznanyň baýdagy galdyryldy.
Şeýle hem “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar tans toparynyň çykyşy guraldy.
Soňra Oguljahan Atabaýewa şowhunly el çarpyşmalar astynda binanyň toý bagyny kesdi.
Dabara gatnaşyjylar täze, döwrebap binada döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Soňra dabara gatnaşyjylar “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Şeýle hem dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan türkmen milli tagamlarynyň sergisi bilen tanyşdylar.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......