Samsung CES 2026 sergisinden öň The First Look tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer

  • 09.12.2025 21:12
  • 1k+

Samsung kompaniýasy CES 2026 halkara sergisi başlamazdan öň, 4-nji ýanwarda Las-Wegasda The First Look ýyllyk çäresini geçirer. Tanyşdyrylyş dabarasynda kompaniýanyň hojalyk elektronikasynda esasy innowasiýalary, şol sanda täze telewizorlar we beýleki önümler üçin täzelenmeler görkeziler diýlip garaşylýar.

Çäre Wynn otelinde geçer. DX bölüminiň ýerine ýetiriji müdiri we başlygy Te Mun Ro söz bilen çykyş eder. Oňa wizual displeýler we hojalyk enjamlary boýunça ugurlaryň ýolbaşçylary hem goşular. Olar Samsung-yň 2026-njy ýyl üçin ösüş ugurlaryny kesgitlär.
Iň köp garaşylýan anonslaryň biri Samsung-yň ilkinji üç panelli eplenýän smartfony Galaxy TriFold-yň global wersiýasy bolup biler. Ýerli wersiýa eýýäm Günorta Koreýada 3,59 mln wonadan (takmynan, 2 100 ýewro ýa-da 2 400 dollar) görkezildi. Şeýle-de, gürrüňlere görä, kompaniýa indiki Galaxy S26 hatary barada aýdyp biler. Onuň resmi tanyşdyrylyşynyň fewralda bolmagyna garaşylýar.  
Tanyşdyrylyş dabarasy göni ýaýlymda görmek üçin Samsung Newsroom, YouTube we Samsung TV Plus platformalarynda elýeterli bolar. 


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...