Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Geňeşiniň mejlisinde migrasiýa meseleleri boýunça garaýyşlaryny beýan etdi

  • 09.12.2025 14:39
  • 11k+

Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM/MHG) Geňeşiniň 8-nji dekabrda Ženewada açylan 116-njy mejlisinde halkara migrasiýasynyň wajyp meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdi. Mejlis 10-njy dekabra çenli dowam eder.

Türkmenistanyň wekiliýetine Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Döwran Baýramow ýolbaşçylyk etdi.
D.Baýramow öz çykyşynda migrasiýa proseslerini dolandyrmakda utgaşykly halkara hyzmatdaşlygynyň we toplumlaýyn çemeleşmäniň durmuşa geçirilmegiň möhümdigini nygtady. Ol 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi, şeýle hem Migrasiýa we Bosgunlar boýunça Ählumumy Ylalaşyklar ýaly ählumumy çarçuwaly resminamalary milli ösüş strategiýalaryna birikdirmegiň zerurlygyny belledi.
Ol bu barada gürrüň edip, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan tagallalary barada maglumat berdi. Bu tagallalar kanuny migrasiýa ýollaryny ýeňilleşdirmäge, ýurda girmek we ondan çykmak düzgünlerini kämilleşdirmäge, şeýle hem migrantlar üçin deň sosial we zähmet hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.
MHG Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine migrasiýanyň we ösüşiň özara baglanyşyklylygy, Guramanyň işiniň strategik ugurlary we agza döwletleriň çykyşlary ýaly meseleler girizildi.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......