Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katara sapary amala aşyrdy

  • 09.12.2025 12:47
  • 8.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine sapary amala aşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Saparynyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa “Diplomatiýa, dialog, dürlülik” şygary astynda geçirilýän Doha forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Şeýle hem O.Atabaýewa Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşdy.
Marýam bint Ali Al-Misned Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine, hususan-da, ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Duşuşygyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda çaganyň saglygy we terbiýesi bilen bagly meselä aýratyn ünsi çekdi. Gaznanyň wise-prezidenti şu ýylyň 10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, Marýam bint Ali Al-Misnedi bu maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Saparynyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa şeýle hem Katar Döwletiniň jemgyýetçilik ösüş we maşgala ministri Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda O.Atabaýewa Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaýmini şu ýylyň 10-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Doha şäherindäki Yslam sungaty muzeýine baryp gördi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň çäklerinde “Täze eýýamda çagalary goramak: inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürmek” atly tematiki sessiýa gatnaşdy. Öz çykyşynda Oguljahan Atabaýewa, ilki bilen, foruma gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň häzirki wagtda tutuş adamzat üçin örän möhüm ähmiýetini belledi.
Şeýle hem Oguljahan Atabaýewa saparyň çäklerinde Katar Döwletiniň bilim we ýokary bilim ministri Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater hem-de Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser bilen duşuşyklary geçirdi.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Kataryň “Sidra” saglyk merkezine hem baryp gördi.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......