«Maklareniň» sürüjisi Lando Norris ilkinji gezek «Formula-1-iň» çempiony boldy

  • 08.12.2025 14:19
  • 6.9k+

«Maklaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris «Formula-1» möwsüminiň soňky tapgyrynyň – Abu-Dabiniň Gran-prisiniň jemi boýunça karýerasynda ilkinji gezek çempion boldy. Ýaryş ýekşenbe güni tamamlandy. Ýiti dartgynlylyk ahyryna çenli saklandy, çünki 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek titula birbada üç gatnaşyjy dalaş etdi.

«Ýas-Marina» ýolunda geçen ýaryşyň özünde Norris tapgyryň ýeňijisi bolan Maks Werstappenden («Red Bull») we topardaşy Oskar Piastriden yza galyp, pellehana üçünji bolup geldi. Şeýle-de bolsa, üçünji orun we gazanylan utuk şahsy hasapda öňdebaryjylygy saklamak üçin ýeterlik boldy. Ahyrky Gran-priden öň britaniýaly sürüjisi Werstappenden 12 utuk öňde barýardy.
Möwsümiň jemi boýunça utuklar şeýle görnüşde paýlandy: Norris – 423 utuk, Werstappen – 421, Piastri – 410.
Mundan öň yzygider dört ýyl tituly gazanan Werstappen ýaryşlarda gazanan ýeňişleriniň sany boýunça möwsümde iň gowy netijäni görkezdi. Ol sekiz ýeňiş gazandy, ýöne bu çempionlygy goramak üçin ýeterlik bolmady.
«Maklareniň» sürüjisi soňky gezek 2008-nji ýylda «Formula-1-iň» çempiony bolupdy, şol wagt tituly Lýuis Hemilton aldy.
Şu ýyl Konstruktorlaryň kubogynda «Maklaren» topary möhletinden ir ýeňiji boldy (833 utuk), ikinji orny «Mersedes» (469), üçünji orny «Red Bull» (451) eýeledi. 


şu gün 07:51
1.4k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....