Toyota 4,0 litrlik V8 hereketlendirijili täze GR GT superkaryny hödürledi

  • 08.12.2025 06:36
  • 5.1k+

Toyota düýbünden täze GR GT sport awtoulagyny, şeýle hem onuň ýaryş görnüşi bolan GR GT3-i resmi taýdan yglan etdi. Ikinjisi GT3 çempionatyna gatnaşmak we Mercedes-AMG GT bilen bäsleşmek üçin ýörite işlenip düzüldi.

Täze awtoulag meşhur Toyota 2000GT-niň däplerini dowam etdirýän markanyň sport flagmany hökmünde hödürlenýär.
GR GT sport awtoulagy diňe yzky tekerleri herekete getirýän, gury karter ulgamy we 8 tizlikli awtomatiki geçirişli täze 4,0 litrlik goşa turbo V8 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Öndüriji hereketlendirijiniň azyndan 641 at güýjüni we azyndan 850 Nm tork öndürýändigini aýdýar, şeýle hem derrew jogap bermegi üçin elektrik hereketlendirijisi bilen üsti ýetirilen. Iň ýokary tizligi sagatda 320 km-den geçýär.
Model uglerod süýümini giňden ulanmak arkaly täze alýumin şassisinde guruldy. Ýol wersiýasynyň agramy 1750 kg, yzky okunyň peýdasyna agram paýlanylyşy 45:55. Sport awtoulagynyň ölçegleri: uzynlygy 4820 mm, ini 2000 mm we beýikligi 1195 mm, tigir bazasy 2725 mm.
GR GT-iň daşky görnüşi agressiw optikasy, uzyn kapoty we pes profil bilen tapawutlanýar. Öňde 265/35 we yzda 325/30 şinaly 20 dýuýmlyk diskalar, şeýle hem standart enjam hökmünde karbon-keramiki tormozlar bar. Salony gyzyl we gara reňkde deri hem-de alkantara ulanylyp bezelip, sanly gurallar toplumy we uly ekranly maglumat ulgamy bilen enjamlaşdyrylan.
Iki görnüşi hem – GR GT we GR GT3 – işläp taýýarlamagyň soňky tapgyrynda. Müşderilere ibermeler 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär, bahasy entek yglan edilmedi.


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......