Maglumat merkezlerinde emeli aň 2035-nji ýyla çenli iň uly energiýa sarp edijileriniň biri bolar

  • 05.12.2025 09:09
  • 4.1k+

2035-nji ýyla çenli dünýädäki maglumat merkezleri tarapyndan elektrik energiýasynyň sarp edilişi tas üç esse ýokarlanyp, häzirki 40 gigawattdan 106 gigawatta (GWt) ýeter. Şeýle ösüş maglumat merkezleriniň uly bolmagy we emeli aň sebäpli olaryň iş ýüküniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Muny BloombergNEF-iň täze hasabatynyň maglumatlary görkezýär.

Çaklamalara görä, maglumat merkezlerinde hasaplamalaryň, takmynan, 40%-i EA algoritmlerini okatmak we ulanmak bilen baglanyşykly bolar. Bu hem merkezleriň ulanylyş koeffisientiniň 59%-den 69%-e çenli ýokarlanmagyna getirer.
Hünärmenler geljek on ýylda gurulýan maglumat merkezleriniň ortaça kuwwatynyň 100 megawattdan geçjekdigini belleýär. Häzirki günde desgalaryň diňe 10%-i 50 megawattdan köp energiýa sarp edýär. Şol bir wagtyň özünde, täze merkezleriň, takmynan, dörtden bir bölegi 500 megawattdan gowrak sarp eder, käbirleri bolsa 1 GWt-dan geçer. Maglumat merkezleriniň göwrüminiň uly bolmagy we ýerleriň ýetmezçilik etmegi sebäpli olary mejbury ýagdaýda şäherlerden uzakdaky oba ýerlerinde gurmaly bolýar.
Pudagyň okgunly ösüşini maglumat merkezleriniň gurluşygyna rekord derejede maýa goýumlar hem görkezýär: 2025-nji ýylda olar 580 mlrd dollara ýetdi, bu bolsa täze nebit ýataklaryny gözlemek üçin global çykdajylardan hem ýokarydyr.
ABŞ-nyň käbir ştatlarynda elektrik energiýasyny üpjün edýän PJM Interconnection guramasy eýýäm elektrik ulgamlarynyň şeýle iş ýüküne çydap biljekdigi barada howatyrlandy. Gurama Energetikany düzgünleşdirmek boýunça federal komissiýa (FERC) şikaýat arzasyny berip, täze maglumat merkezlerini diňe ýeterlik kuwwat bolan ýagdaýynda ulgama birikdirmelidigini aýtdy we olary sebitde elektrik energiýasynyň ýokary bahalarynyň sebäbi hökmünde görkezdi. 


düýn 08:02
4.5k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

11.05.2026 18:16
4.9k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

13.04.2026 00:13
4.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....

11.04.2026 23:33
8.4k+

Hökümet mejlisinde Lebap welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalar barada maglumat berildi

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen bir hatarda, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerine hem......