Türkmen türgenleri dekabr aýynda Abu-Dabidäki «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşarlar

  • 04.12.2025 16:29
  • 6k+

Welotrek boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Abu-Dabide geçiriljek Welosport hepdeliginiň çäklerinde «Gran Fondo» weloýaryşyna gatnaşar. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Al-Haý Al Hammadi «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär.

«Şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary bassyr üçünji ýyl geçiriljek Abu-Dabidäki Welosport hepdeliginiň çäginde «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşar» diýip, Ahmet Al-Haý Al Hammadi ýazýar.

Ilçi şu ýylyň awgust aýynda BAE-niň ilçihanasynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Abu-Dabiniň welosiped klubunyň ýaş türgenleri üçin üçünji gezek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny gurnandygyny ýatlatdy. Onuň aýtmagyna görä, toparyň agzalary türkmen hyzmatdaşlaryndan hemmetaraplaýyn goldaw aldylar.
Şeýle-de diplomat şu ýylyň oktýabr aýynda ilçihananyň Aşgabatda üçünji gezek fitnes boýunça sport çäresini geçirendigini we oňa 120 türgeniň gatnaşandygyny nygtady. Ol iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp geçirilipdi.


18.06.2026 14:40
4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......