ABŞ-da 2034-nji ýylda Ýutada geçiriljek Gyşky Olimpiýa Oýunlarynyň logotipi görkezildi

  • 30.11.2025 10:36
  • 2.6k+

2034-nji ýylda Ýutada geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti wagtlaýyn logotipi görkezdi. Bu logotip ABŞ-nyň hökümeti ünsüni 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryndan 2034-nji ýylyň Oýunlaryna taýýarlyk görmäge doly gönükdirýänçä, 2029-njy ýyla çenli ulanylar.

Ýuta ştatynyň gubernatory Spenser Koksyň sözlerini Inside the Games neşiri getirýär:

"2034-nji ýylyň Olimpiýa oýunlary dünýäni birleşdirer, ýöne ol biziň ştatymyzy hem birleşdirer. Üns diňe şu ýere gelýän 100 ýurda däl, eýsem ştatyň 29 etrabyna hem gönükdirilendir. Bu diňe bir Solt-Leýk-Sitidäki Olimpiýa oýunlary däl, diňe bir Wasatç sebitindäki Olimpiýa oýunlary däl, eýsem bular biziň Olimpiýa oýunlarymyz. Biz hemmämiz bilelikde."

Ýaryşlar 2034-nji ýylyň 10-njy fewralyndan 26-njy fewraly aralygynda geçiriler.
Esasy geçiriljek ýerleri Solt-Leýk-Siti, Park-Siti, Ueber, Soljer Hollou we Sammit bolar.


düýn 20:10
5.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......