Bred Pitt we F1-iň sürüjisi Rassel Mercedes-Benz-iň täze ulagynyň mahabatynda düşdüler

  • 30.11.2025 10:29
  • 5.6k+

Aktýor Bred Pitt we "Formula 1-iň" sürüjisi Jorj Rassel Mercedes-AMG GT 4-Door awtoulagynyň täze elektrik wersiýasynyň mahabat kampaniýasynda surata düşdüler. Surata düşüriş işleri Las-Wegasda geçirildi, onda Mercedes-Benz geçen hepde üsti örtükli prototipini görkezdi. Bu awtoulag mahabat roliginde hem ulanyldy.

YouTube-da ýerleşdirilen wideoda Pitt myhmanhanadan çykyp, hyzmatkärden awtoulagynyň açaryny yzyna bermegini soraýar. Hyzmatkär bu işi sürüjä tabşyrýar, ol bolsa Jorj Rassel bolup çykýar. Ulagy getirýän wagtynda, sürüji açary Pitte gowşurmazdan ozal, ýerasty awtoduralgada birnäçe ýeser hokgalary we öwrümleri (drift) edýär.
Täze Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe Porsche Taycan-nyň we Audi RS e-tron GT-niň bäsdeşi hökmünde görkezilýär. Model AMG-EA-nyň platformasynda guruldy. Elektrik ulagynyň ýokary tehnologiýaly akkumulýator batareýasyny we üç sany aksial akymly elektrik hereketlendirijisini almagyna garaşylýar. AMG GT XX konseptinde olaryň umumy kuwwaty 1360 at güýjüne ýetýär.


29.05.2026 15:15
18k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....