Airbus programma üpjünçiligindäki näsazlyklar sebäpli A320 uçarlaryny yzyna gaýtarýar: bu dünýä awiaparkynyň ýarysyna deň

  • 30.11.2025 09:33
  • 7.2k+

Airbus awiakosmos korporasiýasy programma üpjünçiligi bilen bagly meseleleri çözmek üçin A320 uçarlar toparynyň "aglaba bölegini" yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Airbus awiakompaniýalara iberen beýanatynda programma üpjünçiliginiň indiki meýilleşdirilen uçuşdan öň çalşyrylmalydygyny tabşyrdy. Agentligiň pudakdaky çeşmeleri munuň dünýäniň uçar parkynyň ýarysynyň işini bökdejekdigini we birnäçe müň uçara degişli boljakdygyny çaklaýar. Reuters agentligi yzyna çagyryşyň ABŞ-da we beýleki ýurtlarda ýylyň iň işjeň syýahat ediljek dynç günlerinde uçuşlaryň ýatyrylmagyna we gijikdirilmegine sebäp bolup biljekdigini belleýär.
Airbus kompaniýasy ýakynda A320 uçarlary bilen baglanyşykly wakanyň güýçli Gün radiasiýasynyň uçuşy dolandyryş ulgamlarynyň işlemegi üçin möhüm bolan maglumatlara zyýan ýetirip biljekdigini görkezendigini aýtdy.
Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, gürrüň 30-njy oktýabrda Meksikanyň Kankun şäherinden ABŞ-nyň Nýuark şäherine uçan JetBlue uçary bilen baglanyşykly waka barada barýar. JetBlue uçary uçuşy dolandyryş ulgamynda näsazlyk ýüze çykandan soň Florida ştatynyň Tampa şäherinde gyssagly gonuşy amala aşyrypdyr. Uçaryň barýan belentliginiň birden aşaklamagy sebäpli birnäçe ýolagçy şikes alypdyr.
Bu yzyna çagyryş Airbus kompaniýasynyň 55 ýyllyk taryhynda iň uly çagyryşyň biridir. Dürli awiakompaniýalarda takmynan 11 300 sany A320 uçar maşgalasyna degişli uçarlar hyzmat edýär, şol sanda 1987-nji ýylda ulanyşa girizilen flagman A320 modeliniň 6 440 sanysy bar. Airbus kompaniýasynyň beýanaty yglan eden wagtynda dünýäde takmynan 3 000 sany A320 uçarlary howadady.


29.10.2025 09:21
1.5k+

Airbus, Leonardo we Thales SpaceX bilen bäsleşmek üçin bilelikde täze kosmos kompaniýasyny döredýärler

Airbus, Leonardo we Thales kompaniýalary özleriniň kosmos bilen bagly bölümlerini birleşdirmek barada özara düşünişmek Ähtnama gol çekdiler. Bu ädim Ýewropanyň kosmos bazaryndaky ornuny güýçlendirmäge, aýratyn-da häzirki wagtda bu pudakda agalyk edýän SpaceX bilen bäsleşmäge gönükdirilendir...

18.02.2025 21:07
5.5k+

Wodorod ýangyjynda işleýän Airbus ZEROe uçarynyň ilkinji uçuşy 10 ýyl yza süýşürilýär

Airbus kompaniýasy wodorod ýangyjyna esaslanýan ZEROe ýolagçy uçarynyň uçuş möhletiniň yza süýşürilendigini habar berdi. Uçuş aralygy 1850 km bolan 100 orunlyk awialaýneriň uçuşy ilkibaşda 2035-nji ýyla meýilleşdirilipdi...

düýn 09:58
5.8k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

düýn 09:24
3.8k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....