Wodorod ýangyjynda işleýän Airbus ZEROe uçarynyň ilkinji uçuşy 10 ýyl yza süýşürilýär

  • 18.02.2025 21:07
  • 5.5k+

Airbus kompaniýasy wodorod ýangyjyna esaslanýan ZEROe ýolagçy uçarynyň uçuş möhletiniň yza süýşürilendigini habar berdi. Uçuş aralygy 1850 km bolan 100 orunlyk awialaýneriň uçuşy ilkibaşda 2035-nji ýyla meýilleşdirilipdi, häzir bolsa ol 2040 – 2045-nji ýyllara süýşürildi.

Şeýle çözgüdiň sebäbi taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur bolan esasy tehnologiýalaryň doly derejede taýýar däldigi boldy. Bu, ilkinji nobatda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän we bug gazlarynyň zyňyndylaryny döretmeýän “ýaşyl” wodorodyň önümçiligi bilen baglanyşyklydyr.
Kompaniýa uçaryň bortunda wodorody saklamak we howpsuz ulanmak tehnologiýalarynyň täjirçilik ulanylyşy üçin heniz ýeterlik derejede ösen däldigini, şeýle-de “ýaşyl” wodorody öndürmek we howa menzillerine eltmek üçin zerur infrastrukturanyň ýokdugyny belleýär. Mundan başga-da, şeýle desgalaryň gurluşygy ep-esli maýa goýumlary we wagt talap edýär. Häzirki wagtda “ýaşyl” wodorodyň önümçiligi-de gymmat proses hasaplanýar.
Airbus kompaniýasy ZEROe taslamasyny maliýeleşdirmegini 25% azaltdy we A380-de wodorod ýangyç elementleriniň synagyny ýatyrdy. Tygşytlanan serişdeler adaty ýangyçda işleýän inçe fýuzelýažly uçarlaryň döredilmegine gönükdiriler. Bu uçarlar 2035-nji ýyla çenli A320neo modeliniň ornuny tutar. 
Täze taslamanyň gijikdirilmegine garamazdan, Airbus henizem wodorody awiasiýany karbonsyzlaşdyrmak üçin esasy gural hasaplaýar, ýöne onuň köpçülikleýin ulanylyşy 2050-njy ýyldan ir bolmaz. Ýakyn ýyllarda awiasiýada zyňyndylary azaltmagyň esasy usuly ekologiýa taýdan arassa awiasiýa ýangyjyny (SAF) ulanmak bolar. 


30.11.2025 09:33
7.2k+

Airbus programma üpjünçiligindäki näsazlyklar sebäpli A320 uçarlaryny yzyna gaýtarýar: bu dünýä awiaparkynyň ýarysyna deň

Airbus awiakosmos korporasiýasy programma üpjünçiligi bilen bagly meseleleri çözmek üçin A320 uçarlar toparynyň "aglaba bölegini" yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Airbus awiakompaniýalara iberen beýanatynda programma üpjünçiliginiň indiki meýilleşdirilen uçuşdan öň çalşyrylmalydygyny tabşyrdy...

29.10.2025 09:21
1.5k+

Airbus, Leonardo we Thales SpaceX bilen bäsleşmek üçin bilelikde täze kosmos kompaniýasyny döredýärler

Airbus, Leonardo we Thales kompaniýalary özleriniň kosmos bilen bagly bölümlerini birleşdirmek barada özara düşünişmek Ähtnama gol çekdiler. Bu ädim Ýewropanyň kosmos bazaryndaky ornuny güýçlendirmäge, aýratyn-da häzirki wagtda bu pudakda agalyk edýän SpaceX bilen bäsleşmäge gönükdirilendir...

düýn 19:48
5k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäher häkimliginiň binasynyň gurluşygy bilen tanyşdy

Arkadag şäheriniň çägi boýunça häkimligiň ýene bir binasynyň gurluşygy dowam edýär. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen 4-nji aprelde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşdy diýip, «Watan»......

düýn 19:34
5.7k+

M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Adaty däl lukmançylyk» otagy açylar

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp,......