Xiaomi elektromobillerine howply ýagdaýlarda päsgelçiliklerden aýlanyp geçmegi öwretdi

  • 28.11.2025 11:16
  • 2.8k+

Xiaomi hytaý kompaniýasy elektrik awtoulaglaryna adaty tormoz tutma ýeterlik bolmadyk ýagdaýda ulagyň päsgelçiliklerden awtomatiki usulda aýlanyp geçmegine mümkinçilik berýän funksiýany goşdy. Öň ýokary tizlikde şeýle hereketi etmeklik hemme awtomatlaşdyrylan ulgamlara ynanylyp durlanokdy, ýöne Xiaomi bu çözgüdi seriýalaýyn çykarylýan awtoulaglara ornaşdyrmagy hödürlän ilkinji kompaniýalaryň biri boldy.

CarNewsChina-nyň habaryna görä, Xiaomi HAD Enhanced ulgamynyň täzelenmegi bortdaky işjeň howpsuzlygyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi. Indi awtomatiki tormoz tutuş öňe hereket edilende 1-den 135 km/sag-a çenli we yza hereket edilende 1-den 30 km/sag-a çenli tizlikde işleýär. Öň ulgam diňe 5 km/sag-dan ýokary tizlikde işläp başlaýardy, bu bolsa dar ýerde hereket edende amatsyzdy.
Kameralar we datçikler, goý ol diwar, haýat, sütün, pyýada, iki tigirli ulag ýa-da haýwan bolsun, tapawudy ýok, islendik hereketsiz obýekti çalt we takyk tanamagy öwrendiler.
Şeýle hem, sürüji tormoz basmaga ýetişmedik mahaly, pes tizlikde gazyň pedalyna tötänleýin basylmagynyň öňüni almak üçin gorag goşuldy. 80 km/sagat bilen 135 km/sagat aralygyndaky tizlikde barylýarka gyssagly tormoz tutmak ýeterlik bolmasa, awtoulag päsgelçilikden özbaşdak aýlanyp geçip bilýär. Şonda tormoz tutmak ileri tutulýar we yzygiderli aýlanyp geçilýän hereketleriň sany iki bilen çäklendirilýär. Sürüjiniň islendik hereketi awtoulaga doly gözegçiligi derrew yzyna berýär.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....