Nissan täze nesil Navara pikabyny hödürledi

  • 24.11.2025 11:30
  • 3.1k+

Nissan kompaniýasy Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň bazarlary üçin täze nesil Navara pikabyny hödürledi.

Model doly täze diýlip atlandyrylsa-da, kuzowdan onuň Mitsubishi L200/Triton awtoulagyna esaslanýandygy görünýär. Navara-nyň bir hereketlendirijisi, iki görnüşli doly herekete getirijisi bolar, geljekde bolsa has güýçli wersiýasy çykarylar. Satuw indiki ýylyň birinji çärýeginde başlar.
Awstraliýa wersiýasy hakyky modelden Nissa-nyň firma stilinde ýerine ýetirilen öň böleginiň dizaýny bilen tapawutlanýar. Pikap V-şekilli we üýtgeşik nagyşly radiator gözenegine, täze bampere we markanyň ramaly modelleriniň faralaryna meňzeýän başga optika eýe boldy.
Ýerli bazar üçin asgyç (podweska) hem sazlandy. Bu iş bilen Awstraliýanyň Premcar kompaniýasy meşgullandy. Ol geljekki Navara Warrior hardkor wersiýasynyň prototipini hem hödürledi.
Navara Warrior başga asgyç elementleri, diametri 32,2 dýuým tekerli 17 dýuýmlyk tigirler, güýçlendirilen bamper, gorag plastinalary, dugalar we goşmaça yşyklar bilen üpjün edildi. Model dizaýn taýdan hem tapawutlanýar.
Awstraliýada täze pikap 204 at güýjüni berýän 2,4 litrlik dizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylar, ol alty basgançakly awtomatik guty bilen bilelikde işlär.
Esasy Navara mufta we tigirler boş aýlananda iki yzky tigire birmeňzeş aýlanmaga kömek edýän ulgam bilen Easy 4WD doly herekete getiriji ulgamyny alar. Has gymmat wersiýalar Torsen differensialy we ýedi iş režimi bilen Super 4WD ulgamyna eýe bolar. Adaty üpjünçilige mediaulgam, 7 dýuýmlyk enjam paneli we 9 dýuým diagonally merkezi displeý girer.


08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.4k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.7k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....