Nissan täze N6 sedanyny hödürledi: Toyota Camry-niň bu bäsdeşiniň bahasy bary-ýogy 15 müň dollar

  • 19.11.2025 13:11
  • 8.6k+

Dongfeng Nissan bilelikdäki kärhanasy täze Nissan N6 plug-in gibrid sedany üçin deslapky sargytlary kabul edip başlady.

Model Tianýan-yň arhitekturasynda gurlup, elýeterli premium gibrid hökmünde orun aldy. Deslapky sargyt bahalary 110 müň ýuandan 122 müň ýuan (15,400 - 17,100 dollary) aralygynda. Umumy satuw 8-nji dekabrda başlar we awtoulag deslapky sargyt bahasyndan arzan bolup biler.
Nissan N6-nyň dizaýny N7-niňkä meňzeýär: radiator gözenegi ýapyk, öňi tutuş yşyk zolakly, L görnüşli aşaky yşyklary we yşyklandyrylan nyşany bar. Goşmaça üýtgeşiklikleri - gara üçegi we görünmeýän gapy tutawaçlaryny öz içine alýar. Sedanyň ölçegleri 4831 x 1885 x 1494 mm, 2815 mm teker bazasy bolup, ony Toyota Camry XV80 bilen deňeşdirip bolýar.
Salony sanly gurallar paneli, uly ekranly media ulgamy, simsiz zarýad beriş, şemalladyşly, ýyladyşly we owkalaýjyly tokly sazlanýan oturgyçlar, goşa zolakly klimat-kontrol, panoramaly üçek we daş-töweregi yşyklandyryş bilen enjamlaşdyrylandyr.
Gibrid ulgamda 102 at güýjüni öndürýän 1,5 litrlik benzinli hereketlendiriji we 210 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi bar. 21.1 kWt s litiý-demir-fosfat batareýasy CLTC aýlawynda 180 km-ä çenli arassa elektrikde ýöreýiş ätiýaçlygyny üpjün edýär.


08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.4k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.7k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....