Samsung EA-ny çagyrmak düwmesi bilen “akylly” klawiaturany hödürledi

  • 19.11.2025 10:19
  • 1.1k+

Samsung kompaniýasy Galaxy enjamlary – smartfonlar, planşetler we noutbuklar üçin simsiz “akylly” klawiaturany çykardy. Samsung Smart Keyboard aýratyn sanly blogy bolmadyk we birikmek üçin Bluetooth ulanýan ykjam QWERTY klawiaturasydyr.

Klawiaturanyň esasy aýratynlygy ugur görkezijilerden çepde ýerleşýän AI Short Key düwmesi boldy. Onuň kömegi bilen intellektual kömekçileri derrew işe girizip bolýar: mysal üçin, smartfonda we planşetde Gemini ýa-da Bixby kömekçilerini, noutbukda bolsa Copilot-y. Samsung-yň habarynda bu düwmäniň enjamy dolandyrmaga we bir gezek basmak arkaly EA kömekçilerini çagyrmaga mümkinçilik berýändigi bellenilýär.
Klawiatura ýörite düwme arkaly bir enjamdan beýlekisine çalt geçmek mümkinçiligi bilen bir wagtda üç enjama birigip bilýär. Şeýle-de, programmalary işe girizmek üçin sazlap bolýan düwmeler we Samsung DeX-i işe girizmek üçin aýratyn klawişa göz öňünde tutuldy.
Smart Keyboard akkumulýatoryň deregine CR2032 batareýasyny ulanýar. Samsung onuň köp wagta ýetýändigini nygtaýar, ýöne bu barada takyk maglumat bermeýär. Klawiaturanyň bölek satuw bahasy 109 dollar.


şu gün 12:35
2.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....