Huawei Mate 80 smartfon hatarynyň suratlary resmi premýeradan öň internetde görkezildi

  • 19.11.2025 09:52
  • 2.3k+

Huawei kompaniýasy Mate 80 hatarynyň 25-nji noýabrda hödürlenjekdigini resmi taýdan tassyklady. Şol gün kompaniýa Mate X7 eplenýän smartfonynyň täzelenen görnüşini hem görkezer.

Şeýle-de, kompaniýa ilkinji tizeri hödürledi – suratda iki uly tegelek bolup, ol Mate 80-iň kamera modulynyň dizaýnyny we yzky paneldäki magnit elementini ýatladýar. Ýöne tiz wagtdan Digital Chat Station insaýderiniň kömegi bilen internetde Mate 80, Mate 80 Pro, Mate 80 Pro Max we Mate 80 RS Master Edition modelleriniň has aýdyň suratlary peýda boldy.
Deslapky maglumatlara görä, smartfonlar täze, bir kristally Kirin 9030 ulgamyna geçer, 3D ýüzi tanamak ulgamyny we gaýtadan işlenen kamera modulyny alar. Uly wersiýalaryň 20 GB operatiw ýady hem-de işjeň sowadyş ulgamyny aljak görnüşleri-de bolup biler.


Digital Chat Station tarapyndan hödürlenen suratlar Mate 80 modelleriniň ählisiniň tekiz ekrana, 3D ýüzi tanamak ulgamyna we barmak yzynyň gapdal skanerine eýe boljakdygyny görkezýär. Adaty wersiýada we Pro modelde periskopik teleobýektiw bilen üçli kamera bolar. Mate 80 Pro Max-da we Mate 80 RS-de iki periskopik modully kwadrokamera oturdylar, şeýle-de Mate 80 RS wersiýasynyň 20 GB operatiw ýada eýe boljakdygy habar berilýär.
Eplenýän Mate X7 ulaldylan 7,95 dýuýmlyk 2K displeý, inçe UTG aýnasy, täzelenen kameralar we has sygymly akkumulýator bilen üpjün ediler. Obsidian Black we Cosmic Red ýaly täze reňkleriň hem bolmagyna garaşylýar. Öndüriji galan maglumatlary tanyşdyrylyş dabarasynda mälim eder.


15.02.2026 09:14
3k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...