Entoni Joşua dekabrda YouTube blogeri Jeýk Pol bilen söweşer

  • 16.11.2025 21:44
  • 8.1k+

Agyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua we amerikaly bloger hem boksçy Jeýk Pol 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda resmi taýdan söweşer.

Ilkibaşda Pol ýeňil agramda WBA-nyň çempiony Jerwonta Dewis bilen duşuşmalydy. Şeýle-de, Raýan Garsiýa we Terens Krouford hem göz öňünde tutuldy.
Joşua 2024-nji ýylyň sentýabryndan bäri ringe çykanok. Ol karýerasynda dokuz çempionlyk söweşinde ýeňiş gazandy we 2012-nji ýyldaky Olimpiadanyň altyn medalynyň eýesidir.
Jeýk Pol geçenki söweşini iýunda geçirdi. Şol wagt ol emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde Hulio Sesar Çawes-kiçiden üstün çykdy.
Bilermenler Joşuanyň göwrüm we professional taýdan Poldan üstün gelýändigini belleýär: britaniýalynyň soňky söweşi 115 kg agramda geçdi, onuň boýy bolsa 198 sm. Pol 100 kg-den sähel agyr bolup, boýy 185 sm.
Joşuanyň promouteri Eddi Hirn ozal türgeni 2026-njy ýyla çenli ringe çykarmagy meýilleşdirmändigini aýtdy. Ýöne Pol bilen söweş 36 ýaşly öňki çempionyň gaýdyp gelmegi üçin gowy mümkinçilik bolup biler.
Şeýle-de bellesek, Pol uly auditoriýany özüne çekmegi başarýar. Onuň söweşlerden gazanýan umumy girdejisi 100 mln dollardan gowrak diýlip hasaplanýar. Bu mukdaryň tas ýarysy – takmynan, 40%-i oňa Maýk Taýson bilen söweşden geldi. Taýsonyň özi, takmynan, 20 mln dollar gazandy. Joşua hem şeýle tölege garaşyp biler.  


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....