ABŞ-da şatdaun sebäpli 2 günde 15 müň awiagatnaw ýatyryldy we gijikdirildi

  • 10.11.2025 06:38
  • 5.9k+

Býujet barada ylalaşygyň gazanylmandygy sebäpli hökümet işiniň togtadylmagy netijesinde ABŞ-nyň uly howa menzillerinde gatnaw bökdençlikleri dowam edýär.

Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, diňe 8-nji noýabrda 1,5 müň töweregi gatnaw ýatyryldy we ýene 6 müňüsi gijikdirildi. Bir gün öň, 7-nji noýabrda müňden gowrak gatnaw ýatyryldy we 7 müň töweregi gatnaw gijikdirildi.
Gijikdirmeler ýurduň Atlanta, Nýuark, San-Fransisko, Çikago we Nýu-Ýork ýaly 12 uly şäherindäki howa menzillerine täsir etdi. Atlantada, dünýäniň iň köp hereketli howa menzilleriniň birinde, uçuşa garaşmagyň ortaça wagty tas bäş sagada ýetdi.
Federal raýat awiasiýa edarasy (FAA) awiakompaniýalara 7-nji noýabrdan başlap 40 uly howa menzilinde gündelik gatnawlaryň sanyny 4% azaltmagy tabşyrdy. 11-nji noýabra çenli azaltma 6%-e, 14-nji noýabra çenli 10%-e ýetmeli.  
Şatdaun rekord 39 gün bäri dowam edýär. 13 müň töweregi awiadispetçer we 50 müň howpsuzlyk işgäri zähmet haksyz işleýär. Şol sebäpli dispetçerleriň 20 – 40%-i çalşyga çykanok. ABŞ-nyň ulag ministri Şon Daffi ýagdaý ýitileşmegini dowam etdirse, awiagatnawlary 20% azaltmaly boljakdygyny duýdurdy.  
Senatda aglaba köplügiň lideri Jon Tun 8-nji noýabrda respublikanlar bilen demokratlaryň arasynda gepleşikleriň dowam edýändigini, ýöne entek ylalaşygyň gazanylmandygyny habar berdi. Senatyň nobatdaky mejlisi 9-njy noýabra meýilleşdirilýär.
Hasaplamalara görä, hökümet işiniň togtadylmagy ABŞ-nyň ykdysadyýetine her gün tas 2 mlrd dollar zyýan ýetirýär.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......