PFL formaty üýtgedýär: Gran-pri ýaryşlary geçmişde galar

  • 07.11.2025 19:00
  • 4.2k+

PFL (Professional Fighters League) söweş promouşeni Gran-pri formatynda ýaryş geçirmekden ýüz öwrer. Bu barada liganyň baş direktory Jon Martin habar berdi.

Gurama ulgamy has ýönekeý we düşnükli etmek isleýär.

“Men ähli zady ýönekeýleşdirmegi teklip etdim, çünki biziň söweşijilerimiz gowy. Biz çylşyrymlaşdyrmazdan dünýä derejesindäki wakalary gurnap bilýäris. Sportuň söweş görnüşlerinde bellibir ýagdaýlarda dürli formatlaryň ulanylmagynyň sebäbi bar. Ýöne ülňülere laýyk bolmagyň wagty geldi” – diýip, Martin belledi.

Sentýabrda PFL düzgünleriň üýtgedilýändigini yglan etdi. Indi liganyň çempionlary öz titullaryny Gran-priniň ýeňijilerine bermän, olary adaty söweşlerde goramaly bolar.
Ýatlap geçsek, promouşeniň çäklerinde türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow hem çykyş edýär. 2024-nji ýylyň noýabrynda ol ýarym agyr agramda PFL Season Championships ýaryşynyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Döwletjan finalda Impa Kasanganaýdan üstün çykdy. 2025-nji ýylyň oktýabrynda PFL Champions Series 3 ýaryşynda türkmen pälwany PFL-iň erkin çempion tituly üçin söweşde amerikaly Kori Andersondan ýeňildi. 


17.06.2026 17:46
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

01.06.2026 10:58
6.9k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

17.04.2026 09:31
24k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.4k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...