Futbolçylar FIFPro-nyň wersiýasy boýunça 2025-nji ýylyň iň gowy ýygyndy toparyny saýladylar

  • 06.11.2025 10:52
  • 5.4k+

Professional futbolçylar birleşmesiniň Halkara federasiýasy (FIFPro) 2025-nji ýylyň iň gowy ýygyndy toparynyň düzümini yglan etdi. Topar 68 ýurtdan 26 müňden gowrak futbolçynyň ses bermegi esasynda kesgitlenildi.

Bu sanawda iň köp wekil fransuzlaryň “Pari Sen-Žermen” klubundan bar — toparyň bäş oýunçysy ýylyň iň gowy ýygyndysyna girizildi. Olaryň arasynda "Altyn top" baýragynyň eýesi Usman Dembele, şeýle hem Aşraf Hakimi, Nunu Mendeş, Witinýa we şu tomusda "Mançester Siti" klubuna geçen derwezeban Janluiji Donnarumma bar.
Mundan başga-da, ýylyň ýygyndysyna "Liwerpuldan" Wirjil wan Deýk, Madridiň "Realynyň" wekilleri Kilian Mbappe bilen Jud Bellingem, "Çelsiden" Koul Palmer we "Barselonadan" Pedri bilen Lamin Ýamal saýlandy.

Mbappe, wan Deýk we Bellingem yzly-yzyna ikinji ýyl bäri ýylyň simboliki ýygyndysyna girýärler.
Geçen möwsüm PSŽ üçin aýratyn üstünlikli boldy: klub Çempionlar Ligasyny, ýurduň çempionatyny, Fransiýanyň Kubogyny we Superkubogyny gazandy, şeýle hem FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy.


şu gün 13:51
2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......