Amerikan uçarmanlary “Melissa” harasadyny içinden wideo düşürdi

  • şu gün 19:20
  • 3.7k+

ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň “Harasat awçylary” hökmünde belli bolan 53-nji meteorologiki gözleg eskadrilýasynyň uçarmanlary gözegçiligiň tutuş taryhynda Atlantikada iň güýçli harasatlaryň biri bolan “Melissa” tupanynyň merkezinden uçdy.

Eskadrilýanyň şturmany, podpolkownik Mark Uiti harasadyň göni “gözünden” wideo düşürdi. Kadrlar ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň DVIDS resmi platformasynda ýerleşdirildi. Wideoda “stadion effekti” diýlip atlandyrylýan seýrek tebigy hadysany görmek bolýar. Ägirt bulut diwary harasadyň merkeziniň daşynda ýokary galýar we ýokarlygyna giňäp, münberleri ýada salýar.
Ekipaž tupany ençeme gezek geçip, Milli harasat merkezi üçin meteo-maglumatlary ýygnady, ýöne güýçli turbulentlik sebäpli missiýany bes etmeli boldy diýip, ABC News habar berýär.
“Melissa” harasady Saffir-Simpson şkalasy boýunça iň ýokary bäşinji kategoriýa, ýeliň güýji sagatda 295 km çenli ýetdi. 28-nji oktýabrda tupan Ýamaýka, soňra Kuba we Gaitä inip, uly weýrançylyklara we elektrik üpjünçiligi bilen bagly näsazlyklara getirdi.
Associated Press-iň maglumatlaryna görä, betbagtçylygyň netijesinde azyndan 49 adam heläk boldy: 40-ysy – Gaitide, sekizisi – Ýamaýkada, biri – Dominikan Respublikasynda. Gaitide we Dominikanda ýene bir adam dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar.
Kubanyň kenaryna “Melissa” üçünji kategoriýanyň harasady hökmünde golaýlady. 735 müň töweregi adam gaçybatalgada galdy. Häzirki wagtda harasadyň güýji ikinji kategoriýa çenli peseldi. 30-njy oktýabr agşamyna çenli “Melissanyň” Bermud adalaryndan günbatara barmagyna garaşylýar.


düýn 13:47
11k+

Ýamaýka bilen Kuba taryhynda iň güýçli harasat aralaşdy

Sişenbe güni Ýamaýkanyň üstünden “Melissa” atly harasat geçip gitdi. Ol suw joşmalaryna we köpçülikleýin elektrik kesilmelerine sebäp boldy. "Melissa" bu ada döwletiniň taryhynda iň güýçli harasat boldy. ABŞ-nyň Harasat gözegçilik Milli merkeziniň (NHC) maglumatlaryna görä, 29-njy oktýabrda irden harasat Kubanyň kenaryna ýetdi...

20.10.2025 10:23
18k+

Kaliforniýada kenara Günorta ýarymşarda duşýan syrly, iki tonnalyk balyk zyňlyp çykdy

Demirgazyk Kaliforniýanyň kenarynda ýerli ýaşaýjylar kenara zyňlyp çykan uly, adaty bolmadyk balygy tapdylar. Soňra anyklanyşyna görä, bu adatça Günorta ýarym şarda ýaşaýan seýrek gudwinker güneş balygy (Mola tecta) bolup çykdy...

10.10.2025 17:50
17k+

Filippinlerde 7,6 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi: sunami howpy yglan edildi

Filippinleriň kenarynda anna gününe geçilen gije güýçli ýertitreme bolup geçdi. Onuň ululygy 7,6 bal boldy diýip, Filippinleriň wulkanologiýa we seýsmologiýa instituty (Pholvolcs) habar berdi. Ýertitremäniň ojagy Dawao portundan, takmynan, 144 km uzaklykda, deňiz düýbünden 58 km töweregi çuňlukda ýerleşýär...

24.09.2025 23:51
20k+

Bangkokda köçäniň bir bölegi aşak çöküp, uly oý emele geldi

24-nji sentýabrda irden Bangkokyň taryhy böleginde Wajir hassahanasynyň golaýynda uly oý emele geldi. Onuň çuňlugy, takmynan, 50 metre, diametri bolsa 30 metre barabar. Köçäniň bir böleginiň aşak çökmegi netijesinde awtomobiller we elektrik geçiriji liniýalaryň sütünleri ýeriň aşagyna gitdi...