Amazon 600 müň işçini robotlar bilen çalyşmagy meýilleşdirýär

  • 28.10.2025 19:11
  • 3.9k+

Amazon kompaniýasy 2033-nji ýyla çenli takmynan 600 müň işçini robot ulgamlary bilen çalyşmagy meýilleşdirýär diýip, The New York Times habar berýär. Kompaniýa birnäçe ýyl bäri ammarlarynda awtomatlaşdyrylan tehnologiýalary ulanýar, ýöne indi bu ulgamlaryň ulanylyşyny has giňeltmegi göz öňünde tutulýar.

Meýilnama boýunça, kompaniýa täze işgärleri işe almagy azaltmak we artýan sargytlara çalt hyzmat etmek üçin robotlaryň sanyny köpeltmekçi. Şeýlelikde, geljek onýyllygyň dowamynda işçi güýji 1,5 milliondan 900 müňe çenli azalmagy mümkin.
Neşiriň eline düşen içerki korporatiw resminamalara görä, Amazon jemgyýetçilikde bu ädimleriň howpsuz we ösüşe gönükdirilen üstünlik hökmünde kabul edilmegi üçin aýratyn kommunikasiýa strategiýasyny hem taýýarlaýar. Resminamalarda «awtomatlaşdyryş» we «emeli aň» ýaly sözleriň ýerine «öňdebaryjy tehnologiýalar» diýen adalgany ulanmak, «robot» sözüniň ýerine bolsa adam bilen bilelikde işleýändigini görkezýän «kobot» (collaborative robot) adyny ulanmak maslahat berilýär.
Häzirki wagtda Amazon ABŞ-da federal hökümetden we Walmartdan soň adam sany boýunça üçünji uly iş beriji hasaplanýar. Kompaniýanyň ammarlarynda we eltip bermek ulgamynda takmynan 1,5 million adam işleýär.
Deňeşdirmek üçin, FedEx kompaniýasynda 550 müň töweregi işgär zähmet çekýär. Şonuň üçin hem meýilleşdirilýän bu derejedäki işden boşatmalar, bilermenleriň pikiriçe, uly kompaniýanyň dolulygyna çalşylmagyna deň bolup biler.
Barlaglaryň görkezmegine görä, her müň işçi üçin bir robot ornaşdyrylanda, ABŞ-da ortaça zähmet haky 0,42% peselýär we umuman, 400 müň töweregi işgär işini ýitirýär.


05.06.2026 15:42
3.3k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

30.05.2026 13:39
1.5k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

26.02.2026 09:36
2.2k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...

17.02.2026 19:35
2.9k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...