Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär

  • 28.10.2025 10:46
  • 2.8k+

Underground Racing atelýesi Lamborghini Huracan STO superkaryny ep-esli güýçlendirdi. Etanol ulanylanda hereketlendirijiniň güýji 2500 at güýjüne ýetdi, bu bolsa ony 2000 at güýçli Bugatti Tourbillon supergibridinden has güýçli edýär. Şeýle-de, Huracan diňe tizlik ýaryşlarynda däl, adaty ýollarda hem sürmek üçin amatly bolup galýar.

Atelýeniň hünärmenleri hereketlendirijini bu kuwwata ýetirmek üçin ony düýpgöter täzeden gurandygyny bellediler. Täze blok we silindr kellesi, kastom porşenler, şatunlar we beýleki möhüm detallar oturdylýar. Goşa turbo güýçlendiriji we täze dolandyryş blogynyň proşiwkasy bilen 5,2 litrlik V10 hatda adaty benzinde takmynan 1200 at güýjüni berýär. Mundan başga-da, geçiriş gaýtadan kalibrlendi, altyn örtükli titan tüsseçykar we kastom tekerler oturdyldy.
Hereketlendirijini güýçlendirmek bilen bir hatarda, Huracan howpsuzlyk karkasyny, gizlin ýangyn söndüriş ulgamyny we tormoz paraşýudyny hem aldy. Atelýeniň habaryna görä, bu superkar satylmaz — ol dürli dreg ýaryşlarynda Underground Racing şoukary hökmünde ulanylar.


11.03.2026 17:18
2.5k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

02.03.2026 20:18
2.2k+

Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi

Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan...

25.02.2026 06:32
6.2k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

10.12.2025 12:07
5.9k+

Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy

Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr...