Toyota meşhur Hilux kysymly awtoulagynyň wodorod bilen işleýän görnüşini görkezdi

  • 28.10.2025 10:21
  • 2.6k+

Toyota kompaniýasy Beýik Britaniýadaky zawodynda ýygnalan Hilux Fuel Cell atly wodorod bilen işleýän pikap awtoulagyny tanyşdyrdy. Jemi on sany prototip öndürildi, olaryň bäşisi eýýäm synagdan geçýär.

Awtoulagyň gurluşy üç sany gysylan wodorod ballony bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa oňa 600 kilometre çenli aralyk geçmäge mümkinçilik berýär.
Kuwwat ulgamy Toyota Mirai sedanyndan alnyp, polimer membranaly ýangyç elementlerinden hem-de yzky okda ýerleşýän 180 at güýjündäki elektrik hereketlendirijisinden düzülýär. Ýük bölüminiň içindäki litiý-ion akkumulýatory energiýany dikeldýär we awtoulagyň tizligini artdyrmaga kömek edýär.
Hilux Fuel Cell ýokary ýük göterijilik ukybyny saklaýar we zyýanly gaz zyňyndylaryny çykarmazdan tirkegi çekip bilýär. Toyota bu modeli uglerod bitaraplygyna tarap möhüm ädim hökmünde görýär we awtoulag sporty ulgamynda wodorod hereketlendirijilerini hem-de ýangyç elementlerini barlap görmegini dowam etdirýär.
Bu pikap 2026-njy ýylda çykaryljak iň möhüm täze modelleriň biri bolup biler we täjirçilik ulaglarynda wodorod tehnologiýasynyň amaly ulanylyşyny görkezýär.


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......