Täze Zelandiýanyň asmanynda seýrek “gyzyl spraýt” surata düşürildi

  • 24.10.2025 16:46
  • 6.1k+

Täze Zelandiýada üç fotosuratçy seýrek tebigy hadysany – “gyzyl spraýt” ýyldyrymyny surata düşürdi. Gyrmyzy reňkli öwüşginler adanyň asmanynda 11-nji oktýabrda peýda boldy diýip, The Guardian habar berýär.

Fotosuratçy Tom Reý ispaniýaly kärdeşleri Dan Zafra we Hose Kantabrana bilen bilelikde Omaramanyň toýun gaýalarynyň üstünde Akmaýanyň ýoluny surata düşürmegi meýilleşdiripdi. Ýöne ýyldyzly asmanyň deregine olar amosferanyň ýokarky gatlaklarynda üýtgeşik elektrik razrýadlaryny surata aldy. Kantabrana gözýetimde tupany görüp, “gyzyl spraýtlaryň” bolup biljekdigini çaklady. Soňra ol suratlary barlan mahaly, hakykatdanda, bu ýyldyrymlaryň bardygyny gördi.
“Gyzyl spraýtlar” – bu tupan bulutlarynyň üstünde ýüze çykýan gysga elektrik razrýadlar. Ýere gönükdirilen adaty ýyldyrymlardan tapawutlylykda, bu ýyldyrymlar sütün ýa-da meduza ýaly şekillere eýe bolup, ýokaryk ymtylýar. Ilkinji gezek olary 1989-njy ýylda Minnesota uniwersitetiniň alymlaryna tötänleýin surata düşürmek başartdy.
Hadysa bir sekuntdan hem az dowam edýär, şonuň üçin ony adaty göz bilen görmek mümkin däl. Reýiň özüne öwüşginleriň birini görmek başartdy. Onuň aýtmagyna görä, “gyzyl spraýtlara” syn etmek onuň köpden bäri arzuwydy.
Fotosuratçylar bu kadrlaryň bir wagtyň özünde günorta ýarym şarda “gyzyl spraýtlary” we Akmaýanyň ýoluny görkezýän ilkinji kadrlar bolup biljekdigini aýdýar.  


17.09.2024 14:52
12k+

NASA-nyň emeli hemrasy Täze Zelandiýada üstünde seýrek tebigy hadysany surata düşürdi

NASA-nyň Landsat 8 hemrasy Täze Zelandiýanyň Günorta adasynda seýrek duş gelýän tebigy hadysany - lentikulýar (linza görnüşli) buludy surata düşürdi diýip, Naked Science ýazýar. Bulut 2024-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda...

21.07.2024 11:39
32k+

Täze Zelandiýada dünýäde seýrek duşýan kit kenara zyňlyp çykdy. Ony janly görnüşde hiç kim görmändir

Täze Zelandiýada Günorta adanyň kenaryna dünýäde kitleriň iň seýrek görnüşi bolan günorta amerikan remnezuby öýdülýän kitiň läşi zyňlyp kenara çykdy. Onuň uzynlygy, takmynan, 5 metr. Phys.org-yň habar bermegine...

09.06.2026 07:41
9.3k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.1k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......