Täze Zelandiýada dünýäde seýrek duşýan kit kenara zyňlyp çykdy. Ony janly görnüşde hiç kim görmändir

  • 21.07.2024 11:39
  • 32k+

Täze Zelandiýada Günorta adanyň kenaryna dünýäde kitleriň iň seýrek görnüşi bolan günorta amerikan remnezuby öýdülýän kitiň läşi zyňlyp kenara çykdy. Onuň uzynlygy, takmynan, 5 metr. Phys.org-yň habar bermegine görä, hünärmenler ony reňkinden, kellesiniň şekilinden, burnundan we dişlerinden tanap kesgitlediler.

Alymlaryň taryhda ilkinji gezek bu görnüşi jikme-jiklik bilen öwrenmäge mümkinçiligi bolar. Ondan öň Günorta Amerika remnezubyndan diňe alty sanysy tapylypdy we olaryň hemmesi barlag geçirilmezden jaýlandy. Bu gezek süýdemdiriji sowadyjy kamera äkidildi.
Barlag kitiň beýleki görnüşler bilen garyndaşlygy, iýmitlenişi we ýaşaýan gurşawy barada has köp zat bilmäge mümkinçilik berer diýip alymlar umyt edýärler.
Kitiň aslyny tassyklamak üçin geçiriljek genetiki synag birnäçe aý dowam edip biler.
Günorta Ýuwaş ummanynda ýaşaýan günorta amerikan remnezublary örän az öwrenilen haýwanlardyr. Olaryň iýmit gözleginde juda uly çuňluklara çümüp, suwuň ýüzüne gaty seýrek ýagdaýlarda çykýandyklary mälimdir.
Täze Zelandiýa kitleriň kenara köp zyňlyp çykýan nokady hasaplanýar. 1840-njy ýyldan bäri şeýle wakalaryň 5000-den gowragy hasaba alyndy.


24.10.2025 16:46
6.1k+

Täze Zelandiýanyň asmanynda seýrek “gyzyl spraýt” surata düşürildi

Täze Zelandiýada üç fotosuratçy seýrek tebigy hadysany – “gyzyl spraýt” ýyldyrymyny surata düşürdi. Gyrmyzy reňkli öwüşginler adanyň asmanynda 11-nji oktýabrda peýda boldy diýip, The Guardian habar berýär. Fotosuratçy Tom Reý ispaniýaly kärdeşleri Dan Zafra we Hose Kantabrana bilen bilelikde Omaramanyň toýun gaýalarynyň üstünde Akmaýanyň ýoluny surata düşürmegi meýilleşdiripdi...

17.09.2024 14:52
12k+

NASA-nyň emeli hemrasy Täze Zelandiýada üstünde seýrek tebigy hadysany surata düşürdi

NASA-nyň Landsat 8 hemrasy Täze Zelandiýanyň Günorta adasynda seýrek duş gelýän tebigy hadysany - lentikulýar (linza görnüşli) buludy surata düşürdi diýip, Naked Science ýazýar. Bulut 2024-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda...

16.04.2026 14:05
7.6k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

14.04.2026 22:56
2k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......