NASA-nyň emeli hemrasy Täze Zelandiýada üstünde seýrek tebigy hadysany surata düşürdi

  • 17.09.2024 14:52
  • 12k+

NASA-nyň Landsat 8 hemrasy Täze Zelandiýanyň Günorta adasynda seýrek duş gelýän tebigy hadysany - lentikulýar (linza görnüşli) buludy surata düşürdi diýip, Naked Science ýazýar.

Bulut 2024-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Otago sebitinde emele gelen wagty surata düşürildi.
Lentikulýar bulutlar gaty seýrek hadysadyr. Olar, güýçli şemallar dag gerişleri ýaly päsgelçiliklere duş gelenlerinde howa tolkunlarynda ýa-da howa gatlaklarynyň arasynda emele gelýärler. Şeýle şertlerde howa ýokary galmaga mejbur bolup, atmosfera tolkunyny döredýär. Howadaky suw buglary, howa tolkunynda sowap, bulutlaryň emele gelmegine sebäp bolýar.
Bulut bu howa tolkunynda emele gelýän wagty, asmanda hereketsiz galýar we üstünden öwüsýän güýçli şemallaryň kömegi bilen formirlenýär.


22.03.2026 16:34
4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...