Warner Bros. Discovery biznesi satmagy ýa-da bölmegi göz öňünde tutýar

  • 24.10.2025 16:40
  • 970

Amerikan mediakompaniýasy Warner Bros. Discovery öz paýdarlary üçin bähbidi ýokarlandyrmak maksady bilen biznesi ösdürmegiň dürli ýollaryny öwrenýändigini habar berdi.

Olaryň arasynda 2026-njy ýylyň ortasyna çenli iki kompaniýa bölünmek, tutuş biznesi satmak ýa-da bölekleýin satmak bar – Warnes. Bros we/ýa-da Discovery.
Kompaniýa ady agzalmadyk taraplardan satyn almak barada birnäçe teklipleri kabul edendigini, ýöne olaryň ýolbaşçylyk bilen ylalaşylmandygyny habar berdi. Şundan soň Warner Bros. Discovery tutuş biznesi ýa-da onuň bir bölegini satmak ýoluny gözden geçirmekçidigini resmi taýdan mälim etdi.
Şunuň esasynda kompaniýanyň paýnamalary, takmynan, 10% ýokarlandy.
Warner Bros. Discovery 2022-nji ýylda WarnerMedia AT&T-den bölünip aýrylandan we Discovery Inc. bilen birleşenden soň döredildi. Ozal mediaholdingi satyn almaga Paramount kompaniýasy gyzyklanma bildiripdi, ýöne resmi däl maglumatlara görä, Warner Bros. Discovery hödürlenen mukdary az hasaplandygy sebäpli, şertnama başa barmady.


düýn 17:37
1.6k+

Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň Warner Bros. bilen «nikalaşmagyna» garşy çykdy

«Titanik» we «Awatar» filmleriniň režissýory Jeýms Kemeron Netflix platformasynyň Warner Bros. studiýasyny satyn almak ähtimallygyndan ynjalyksyzlanýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, bu şertnama iş ýerleriniň azalmagyna we kinoteatrlaryň uly zyýan çekmegine sebäp bolup biler...

21.01.2026 10:11
1k+

Netflix platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak teklibini üýtgetdi

Netflix striming platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky şertnamanyň şertlerini üýtgetdi. Indi platforma kompaniýanyň aktiwlerini nagt görnüşinde satyn almak, şol bir wagtyň özünde-de şertnamanyň umumy bahasyny 82,7 mlrd dollar derejesinde saklamak isleýär...

13.01.2026 23:25
3.4k+

Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň Netflix striming hyzmaty bilen birleşmeginiň öňüni almak üçin konglomeratyň müdirler geňeşine öz dalaşgärlerini hödürlemek meýilnamalary barada yglan etdi...

19.12.2025 09:21
2.1k+

Warner Bros. Netflix bilen şertnama üçin Paramount-yň 108 mlrd dollarlyk teklibinden ýüz öwürýär

Warner Bros. Discovery-nyň müdirler geňeşi Paramount Skydance kompaniýasynyň 108,4 mlrd dollara holdingi satyn almak teklibini ret etdi diýip, Reuters agentligi habar berýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylygy paýdarlary gymmatly kagyzlary her paý üçin 30 dollar bahadan satmazlyga we Netflix bilen şertnama taýýarlanmagy dowam etdirmäge çagyrdy...