Nissan Teana — Huawei sanly kokpiti bilen enjamlaşdyrylan ilkinji benzinli awtoulag bolar

  • 23.10.2025 10:00
  • 2.3k+

Nissan kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täzelenen Teana sedanyny tanyşdyrdy. Öndüriji täze modeliň Huawei sanly kokpiti bilen enjamlaşdyrylan ilkinji adaty benzinli awtoulag boljakdygyny aýtdy. Mundan ozal bu tehnologiýa diňe elektrik we gibrid ulaglarynda ulanylýardy.

Sanly kokpit — bu ýokary durulykdaky displeýden ybarat, ähli zerur maglumatlary (tizlik, nawigasiýa, gurallaryň görkezijileri, multimediýa) gönüden-göni sürüjiniň öňünde görkezýän häzirki zaman dolandyryş panelidir. Ol şahsylaşdyryş mümkinçilikleri bilen üpjün edilip, adaty gurallara garanyňda has çeýe we interaktiw görnüşde işleýär.
Täze Teana modeli Huawei-iň HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän HarmonySpace 5 akylly ulgamy, şeýle hem Huawei ses ulgamyny aldy. Şol çözgütler eýýäm Voyah, Avatr, Aito Seres ýaly hytaý markalarynda-da ulanylýar.
Tehniki tarapdan sedan öňki konfigurasiýasyny saklaýar:

  • 2,0 litrlik turbo hereketlendiriji, 243 at güýji (371 N·m),
  • sekiz tizlikli simulýasiýaly CVT geçiriji,
  • Uzynlygy – 4920 mm,
  • Teker bazasy – 2825 mm.

Täzelenen Nissan Teana Hytaýda 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwa çykarylar. Bahasy 160 000–180 000 ýuan (takmynan 22,4–25,2 müň dollar) aralygynda bolar.
Modeliň önümçiligini Nissan bilen Dongfengiň bilelikdäki kärhanasy amala aşyrýar.


08.06.2026 16:02
1.9k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.5k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....