Windows 11 ekranyňyzda bolup geçýän zatlary eşider we yzarlar

  • 23.10.2025 09:48
  • 1.1k+

Microsoft operasion ulgamynyň 40 ýyllygynyň şanyna Windows 11 üçin uly emeli aň täzelenmesini taýýarlaýar. Täze mümkinçilikler diňe Copilot Plus kompýuterlerinde däl, eýsem ähli goldanylýan enjamlarda elýeterli bolar diýip, The Verge habar berýär.

Indi ulanyjylar kompýuterini diňe ses arkaly dolandyrmaga we AI-e — adamyň goşulyşmazdan — çylşyrymly meseleleri ýerine ýetirmegi tabşyrmaga mümkinçilik alarlar.
«Hey, Copilot!» buýrugy bilen dolandyryň
Ses dolandyryşy “Salam, Copilot!” (“Hey, Copilot!”) diýen buýruk arkaly işjeňleşdirilýär. Microsoft-yň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ýusuf Mehdiniň bellemegine görä, ses dolandyryşy kompýuter bilen aragatnaşygyň täze görnüşi bolar:

“Ol hökman klawiaturanyň we syçanjygyň ornuny tutmaz, ýöne möhüm goşmaça funksiýa öwrüler”.

Copilot Vision — ekrandaky hereketleri yzarlamak üçin
AI-niň ekranda bolup geçýän zatlary görüp bilmegi üçin ulanyjy oňa rugsat bermeli. Muny üpjün edýän Copilot Vision hyzmaty soňky aýlarda synagdan geçdi we häzirki wagtda Copilot elýeterli ähli ýurtlarda işleýär.
Copilot Vision programmalary açmaga, näsazlyklary çözmäge, täze aýratynlyklary öwrenmäge hatda oýun oýnamaga-da kömek edýär. Ol üznüksiz işleýän Recall funksiýasyndan tapawutlylykda, diňe zerur bolan mahaly işjeňleşýär.

Copilot Actions — AI indi hereket eder
Indiki ädim — Copilot Actions, AI-e kompýuterde hereket etmäge mümkinçilik berer. Ilkibaşda bu mümkinçilik çäkli bolar we diňe Copilot Labs programma gatnaşyjylaryna açylar, sebäbi täze agentiň çylşyrymly işleri ýerine ýetirende ýalňyşlyk goýbermegi ähtimal.

Täze gözleg ulgamy we bir basyşda elýeterlik
Copilot Windows-nyň wezipeler paneline birleşdiriler — bir gezek basmak bilen Copilot Vision we Voice funksiýalaryny açmak mümkin bolar. Şeýle hem, täze gözleg ulgamy ýerli faýllary, programmalary we sazlamalary has çalt tapmaga mümkinçilik berer.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......