ABŞ-da gurluşykda poladyň ornuny tutup biljek “super agaç” peýda boldy

  • 22.10.2025 22:11
  • 4.4k+

ABŞ-da “Superwood” atly täze gurluşyk materialy satuwa çykaryldy. Onuň berkliginiň agramyna bolan gatnaşygy poladyňkydan on esse ýokary, şonuň üçin hatda gökdiren binalary gurmakda-da ulanylýar diýip, CNN habar berýär.

Superwood Merilendde ýerleşýän InventWood kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär. Tehnologiýany Ýel uniwersitetiniň professory we kompaniýanyň esaslandyryjysy Lýanbin Hu on ýyl mundan ozal ösdürip başlapdyr. Materialy öndürýän ilkinji zawod 2025-nji ýylyň maý aýynda açyldy.
Material adaty agaçdan öndürilýär, himiki bejergi we gyzgyn press arkaly dykyzlygy ep-esli ýokarlandyrylýar. Bu usul 19 agaç görnüşinde we bambukda synag edilipdir.
Superwood adaty agaçdan 20 esse berk we ýemşermeýär, kömeleklere, mör-möjeklere we oda çydamlydyr. Häzirki wagtda ol eýwanlar we fasadlar üçin ulanylýar, 2026-njy ýyldan başlap bolsa öý panelleri, pollar we mebel önümçiliginde-de peýdalanylýar. Mundan başga-da, bu material mebellerde metal berkidijileriň ornuny tutup, olaryň döwülmeginiň öňüni alar.
Geljekde işläp düzüjiler Superwood-yň gurluşykda poladyň ornuny tutup, önümçilik prosesinde ýarymlyk kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 90% azaltmagyna garaşýarlar.


düýn 10:01
2.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......