SpaceX: Starlink V3 hemralary ulanyjylara gigabitli internet paýlar

  • 22.10.2025 22:04
  • 2.1k+

SpaceX kompaniýasy özüniň orbital internet ulgamy üçin emeli hemralaryň täze neslini — Starlink V3 — tanyşdyrdy. Täze enjamlar barada maglumat Starship kosmos gämisiniň 11-nji synag uçuşynyň göni ýaýlymynda berildi.

Starlink V3 hemralary öňki Starlink V2 modellerinden takmynan iki esse uly we V2 Mini görnüşlerinden dört esse agyr. Şeýle-de bolsa, olar sekuntda birnäçe gigabite çenli maglumat geçiriş tizligini üpjün edip biler. Täze hemralar has iri Gün batareýalary we kämilleşdirilen anten ulgamy bilen enjamlaşdyrylan bolup, bu ilkinji gezek hemra internetinde gigabit tizligine ýetmäge mümkinçilik berer.
Göwrüminiň örän uludygy sebäpli, şeýle apparatlary diňe Starship raketasy arkaly uçuryp bolýar — Falcon 9 muny üçin ýeterlik däl. Bir V3 hemrasynyň agramy 2000 kilograma çenli, häzirki döwürde ulanylýan V2 Mini modelleriniň agramy bolsa 575 kilogram töwereginde.
Her bir Starlink V3 hemrasynyň 1 Tbit/s çenli geçirijilik ukybyna eýe bolmagyna garaşylýar — bu görkeziji öňki wersiýadan on esse ýokary. Kompaniýanyň habaryna görä, geljekde Starship-iň her bir uçurylyşy bilen 60 sany V3 hemrasy orbita çykarylar.
SpaceX bu hemralary ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasynyň tassyklygyndan soň, 2025-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2026-njy ýylyň başynda ýerleşdirip başlamakçy. Şeýle-de, täze ulgamdan peýdalanmak isleýän ulanyjylar enjamlaryny täzelemeli bolarlar.


31.05.2026 00:31
2.1k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......

23.05.2026 15:01
3.6k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.4k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......