Boliwiýada täze Prezident saýlandy

  • 20.10.2025 16:49
  • 4.4k+

Boliwiýanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Hristian-demokratik partiýadan (PDC) dalaşgär Rodrigo Pas ýeňiş gazandy diýip, El País habar berýär. Ol 54,5% ses gazandy, onuň garşydaşy, ýurduň öňki Prezidenti, Libre bileleşigine wekilçilik edýän Horhe Kiroga bolsa 45,5% ses aldy.

Pas prezidentlige ilkinji gezek dalaş etdi. Ol 8-nji noýabrda resmi taýdan wezipä girişer. Neşiriň maglumatlaryna görä, onuň ýeňşi ýurduň öňki Prezidenti Ewo Morales (2006-2019) bilen baglanyşykly çepçi güýçleriň agalyk döwrüniň tamamlanandygyny aňladýar. Täze döwlet Baştutany “hemmeler üçin kapitalizm” ýörelgesine esaslanýan syýasaty alyp barmagy maksat edinýär. Ol işewürligiň ösüşine päsgel berýän administratiw päsgelçilikleri aradan aýyrmaga wada berdi.
Saýlawdan öňki kampaniýada Kiroga Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmek ugrunda we ýangyç üçin döwlet maliýe goldawyny ýatyrmak ugrunda çykyş etdi. Ol muny ýetmezçilik meselesini çözmäge tarap ädim diýip hasaplaýar. Ýöne, El País-iň belleýşi ýaly, şeýle çäreler bahalaryň ýokarlanmagyna getirip bilerdi.
Awgustyň ahyrynda Kiroga ýeňiş gazanan ýagdaýynda litiý gazyp almak boýunça Hytaý we Russiýa bilen köp milliardlyk şertnamalary ýatyrmakçydygyny aýdypdy. Ol Boliwiýanyň daşary syýasy ugruny üýtgetmäge çagyrdy. Kiroga muny dünýäde iň uly litiý ätiýaçlyklaryna – takmynan, 23 mln tonna eýe bolan ýurt üçin zerur hasaplaýar.
Boliwiýanyň litisiniň geljegi baradaky sorag saýlawdan öňki kampaniýanyň merkezi mowzuklarynyň biri boldy. 


07.04.2026 21:02
2.2k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...