Mitsubishi indiki ýyl täze Outlander-iň çykjakdygyny tassyklady

  • 20.10.2025 11:00
  • 3.1k+

Mitsubishi ýapon awtokonserniniň Demirgazyk Amerikadaky bölümi 2026-njy ýylda meşhur Outlander krossoweriniň doly täze, hakykatdan-da ýolsuz ýerlere niýetlenen görnüşini hödürlejekdigini tassyklaýardy.

2025-nji ýylda çykarylan Outlander Trail Edition modelinden soň, kompaniýa indiki ädim hökmünde doly wnedorožnik mümkinçiliklerine eýe bolan täze modifikasiýany döretmek kararyna geldi.
Kompaniýanyň maglumatyna görä, täze Outlander täzeden işlenen bamperler, giriş we çykyş burçlary gowulandyrylan ýörite kuzow, şeýle hem teker arkasy we bosagalary gorap bilýän nakladkalar bilen enjamlaşdyrylar. Bu çözgüt ulagyň çarkandakly ýerlerde zeper ýetmegine garşylygyny ep-esli ýokarlandyrar.
Modeliň ýerden beýiklik derejesi artdyrylýar, üstesine, ol ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen ýörite tekerler bilen üpjün ediler. Doly hereketlendiriji Super All-Wheel Control (S-AWC) ulgamy ýolda durnuklylygy we ssepleniýany ýokarlandyrar. Şeýle hem dürli görnüşli ýol örtükleri üçin ýörite sürüş režimleri göz öňünde tutulýar.
Kapotyň aşagynda öňküsi ýaly 1,5 litrlik dört silindrli hereketlendiriji galar, ýöne inženerler geçirijini täzeleýärler hem-de podweskany agramly şertlere çydamly edip sazlaýarlar. Salon bolsa uzak aralyklarda rahatlygy we amatlylygy üpjün etmek üçin ýörite bezeg bilen tapawutlanar.
Täze Outlander-iň resmi tanyşdyrylyşy 2026-njy maliýe ýylynda — ýagny 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinden 2027-nji ýylyň 31-nji marty aralygynda geçiriler.
Mundan başga-da, Mitsubishi häzirki wagtda 2026-njy ýylyň Nissan Leaf modeli esasynda täze elektrik ulagyny taýýarlap, oňa brendiň taryhy atlarynyň biri bolan Eclipse, Lancer ýa-da Evo adyny bermek mümkinçiligini seredýär.


05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

02.06.2026 20:53
4.9k+

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....

03.03.2026 16:26
5.5k+

Mitsubishi-niň täze krossoweri nykaplanan Nissan Leaf bolup çykdy

Internetde hakykatdanam täze Nissan Leaf-iň esasynda döredilen nykaply Mitsubishi elektrik ulagynyň suratlary peýda boldy. Kompaniýa ozal şu ýazda Leaf-iň platformasynda öndürilen ikinji önümçilik elektrik ulagyny hödürlejekdigini tassyklapdy...

16.01.2026 16:46
3.3k+

Mitsubishi dünýä bazary üçin Nissan Rogue krossowerini we Navara pikapyny ýygnap başlady

Mitsubishi Motors kompaniýasy Nissan brendi üçin iki modeliň önümçiligine başlady. Bu birikdirilýän gibrid enjamly Nissan Rogue krossoweri we Nissan Navara pikapydyr. Rogue plug-in hybrid ulagynyň önümçiligi 12-nji ýanwarda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň Okadzaki şäherindäki Mitsubishi zawodynda başlady...