Gucci-niň eýesi öz kosmetika bölümini L’Oreal-a 4 mlrd dollara satýar

  • 20.10.2025 10:06
  • 2.4k+

Gucci, Balenciaga, Yves Saint Laurent ýaly brendlere eýeçilik eýýän Kering kompaniýalar topary öz kosmetika bölümini L’Oreal kompaniýasyna satmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada The Wall Street Journal habar berdi.

Neşir çeşmesiniň maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy, takmynan, 4 mlrd dollar bolup, resmi bildiriş eýýäm şu hepde bolup biler.
Kering-e bu satuw 2025-nji ýylyň tomsuna çenli 11 mlrd dollara ýeten karz ýüküni azaltmaga kömek eder. Kompaniýa özüniň esasy brendlerini, aýratynam, hytaý bazarynda pese gaçyş bilen ýüzbe-ýüz bolýan Gucci brendini ösdürmäge ünsi jemlär.
Satyn alyş dünýäniň iň uly kosmetika öndürijileriniň biri bolan L’Oreal kompaniýasyna Creed parfýumeriýa brendine gözegçiligi, şeýle-de Kering brendleri – Bottega Veneta, Balenciaga we Alexander McQueen bilen baglanyşykly täze kosmetika hatarlaryny döretmek hukugyny berer.
Kering-iň kosmetika bölümi 2023-nji ýylda, topar 4 mlrd dollara Creed brendini satyn alanda döredilipdi. 2025-nji ýylyň sentýabrynda kompaniýada baş direktor üýtgedi: Fransua-Anri Pinonyň deregine wezipäni ozal Renault awtokonsernine ýolbaşçylyk eden Luka De Meo eýeledi. 

düýn 21:59
945

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....