Samsung öz-özüni dikeltmäge ukyply ekrany patentledi

  • 20.10.2025 09:58
  • 2k+

Samsung kompaniýasy eplenýän smartfonlaryň berkligini we hyzmat ediş möhletini ýokarlandyrmaga ukyply täze tehnologiýany patentledi. Ulgamyň özeni mikroskopik simleriň we “sensor halkasy” diýlip atlandyrylýan datçikleriň utgaşmasyndan ybarat.

Soňky ýyllarda eplenýän enjamlary öndürijiler bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar — kameralary we barmak yz skanerlerini gurluşyny gowşatmazdan çeýe displeýe nädip birleşdirmeli? Bu komponentler üçin edilen ownuk deşikler köplenç mikrojaýryklaryň döremegine sebäp bolup, displeýiň zyýan çekmegine ýol açýardy. Şol sebäpli Galaxy Z seriýasynda barmak yz skanerleri häzirem gapdal panelde ýerleşýär.
Neşir edilen patente görä, Samsung bu meseläni çözmek üçin kameralar we skanerler üçin howpsuzlyk ulgamyny göni ekrana ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Ultra inçe geçirijilerden düzülen “sensor halkasy” displeýiň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edýär we hatda ownuk kemçilikleri hem derrew anyklaýar.
Eger ulgam mümkin bolan zyýany ýüze çykarýan bolsa, ol öz-özüni dikeltmek prosesini işjeňleşdirýär. Ýörite metal mikromatrisalar gowşak ýerleri awtomatiki jebisleýär we jaýryklaryň giňelmeginiň öňüni alýan, göze ilmezek diýen ýaly “çukurlary” döredýär.
Mundan başga-da, gurluşda OLED gatlaklaryny çyglylykdan we kisloroddan goraýan ýörite kanallar hem-de jebisleýjiler bar.
Şu wagt bu diňe patent derejesinde bolup, tehnologiýanyň ýakyn wagtda çykjak Galaxy Z Fold ýa-da Z Flip ýaly önümçilik enjamlarynda peýda boljakdygy entek tassyklanmady.


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...