Prada ýarym gymmat bahaly daşlar bilen bezelen täze şaý-sepler toplumyny taýýarlaýar

  • 19.10.2025 22:28
  • 3.2k+

Prada modalar öýi şu aýda Couleur Vivante atly täze şaý-sepler toplumyny satuwa çykarar diýip, brendiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Toplumda ametist, akwamarin, sitrin, morganit we peridot daşlary bilen bezelen sallanýan gulakhalkalar, soliter ýüzükleri, bilezikler we riwýer görnüşindäki monjuklar bar. Pradanyň özüne mahsus üçburçluk nyşany şaý-sepleriň bezeginiň üstüni ýetirýär.
Her bir önüm Aura Consortium blokçeýn-platformasynda hasaba alnar. Bu ulgam daşlaryň gelip çykyşyny yzarlamaga we olaryň hakykylygyny tassyklamaga mümkinçilik berer. Web sahypada ýygyndynyň joşgunly reňk oýnamlarynyň “adaty şaý-sepler baradaky düşünjelere pitjiň atýandygy” bellenýär.
Şahyr Amanda Gorman, aktrisa Maýýa Houk we Günorta Koreýanyň ýyldyzy Kim Te Ri mahabat kampaniýasynyň ýüzleri boldular.
Täze hatar Prada şaý-sepleriniň ösüş ugruny dowam etdirýär. Brendiň gaýtadan işlenen altyndan döredilen ilkinji şaý-sepler ýygyndysy Eternal Gold 2022-nji ýylda hödürlenipdi.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....