APL-iň oýunçylarynyň umumy bahasy 12,78 mlrd ýewro ýetdi

  • 19.10.2025 16:51
  • 3.4k+

Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) futbolçylarynyň umumy bahasy 756,25 mln ýewro ýokarlanyp, 12,78 mlrd ýewro ýetdi diýip, Transfermarkt portaly habar berýär.

Iňlis klublarynyň arasynda tomusky transfer penjiresinde iň köp çykdajy eden “Liwerpul” boldy. Ol täze oýunçylary satyn almaga 483 mln ýewro sarp etdi.
Bazar bahasynyň iň ýokary ösüşini “Nýukasl” görkezdi. Aýratynam, germaniýaly hüjümçi Nik Woltemade tapawutlandy – onuň transfer bazarynda bahasy 30 mln ýewrodan 65 mln ýewro çenli ýokarlandy. “Liwerpulyň” oýunçysy Aleksandr Isak bahasyna 20 mln ýewro goşdy: indi ol 140 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.
Bazar bahasynyň pese gaçyşy “Mançester Sitiniň” iki oýunçysynda – Rodride we Fil Fodende hasaba alyndy: olar 20 mln ýewro arzanlady we indi, degişlilikde, 90 we 80 mln ýewro durýar.


düýn 23:57
1.1k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
8.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......