Apple ABŞ-da “Formula-1-i” ýaýlyma bermek üçin 750 mln dollara hukuk satyn aldy

  • 19.10.2025 16:46
  • 1.7k+

Apple ABŞ-da “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermek üçin aýratyn hukuk satyn aldy. Bu barada çempionatyň metbugat gullugy habar berýär. Hyzmatdaşlyk barada şertnama bäş ýyl möhlet bilen baglaşyldy.

Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy, takmynan, 750 mln dollar boldy. Ylalaşygyň çäklerinde Apple çempionatyň ähli tapgyrlaryny – türgenleşikden we saýlama ýaryşlaryndan başlap, sprint ýaryşlaryna we Gran-prilere çenli ählisini görkezer. Ýaryşlara Apple TV-de ýazylyşyk arkaly tomaşa edip bolar.
Apple Sports programmasy hakyky wagtda saýlama we esasy ýaryşlaryň netijelerini berer. Ulanyjylar şahsy sanawda we Konstruktorlaryň kubogynda sürüjileriň ýagdaýyny yzarlap biler.
Kompaniýa bu hyzmatdaşlygyň baş keşbi Bred Pittiň ýerine ýetirmeginde F1 filminiň üstünliginden soň Apple bilen “Formula-1-iň” arasyndaky gatnaşyklaryň berkemeginiň netijesidigini belledi. Film, takmynan, 630 mln dollar ýygnap, taryhda iň köp girdeji gazanan sport filmi boldy.
Häzirki wagtda ABŞ-da “Formula-1-i” ýaýlyma bermek hukugy ESPN teleýaýlymyna degişli. Onuň şertnamasynyň möhleti 2026-njy ýylda tamamlanýar. 


15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
10k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.6k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

15.06.2026 10:43
10k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......