Gresiýada iş berijilere 13 sagatlyk iş gününi girizmäge rugsat berildi

  • 18.10.2025 22:57
  • 5.2k+

16-njy oktýabrda Gresiýanyň parlamenti iş bilen üpjün edijilere iş gününi 13 sagada çenli uzaltmaga mümkinçilik berýän kanun taslamasyny tassyklady diýip, Athens News Agency habar berýär. Öň ýurtda iň ýokary iş wagty bir çalşyk üçin sekiz sagatdy.

“Hemmeler üçin adalatly iş” atly kanun taslamasyny Zähmet we sosial üpjünçilik ministrligi öňe sürdi. Gatnaşan 267 deputatdan 158-isi goldady, 109-ysy garşy çykdy.
Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, uzaldylan iş çalşygy aýda üç günden we ýylda 37 günden köp bolmaly däl. Iş berijiler işgärlere sagatlaýyn töleginiň 40%-ini tölemeli bolar.
Kanun işgärleri iş wagtyndan artyk işlemekden ýüz öwren ýagdaýlarynda işden çykarylmakdan goraýar. Ýöne kärdeşler arkalaşygy täze düzgünleriň resmi däl işiň paýy ýokary we ortaça hakyň pes bolan ýurdunda işçileriň gowy şertler barada ylalaşmak mümkinçiligini çäklendirip biljekdigini duýdurýar.
Hökümet üýtgeşmeler zähmet bazaryny has çeýe we netijeli eder diýip hasaplaýar. Ilatyň bir bölegi täze kanuny duşmançylykly garşylady: olar zähmet haklarynyň durgunlygyna we ýurtda bahalaryň ýokarlanmagyna nägilelik bildirdi. 


24.06.2025 12:36
2.4k+

Türkmenistan bilen Gresiýa syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirdi

23-nji iýunda Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler. Bellenilişi ýaly, türkmen...

25.03.2025 09:45
1.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Konstantinos Tasulasa Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH...

17.03.2025 06:21
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Gresiýa täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Konstantinos Tasulasa Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden...

13.02.2025 15:40
3.7k+

Gresiýanyň parlamenti ýurduň täze Prezidentini saýlady

Gresiýanyň parlamentiniň öňki başlygy, dolandyryjy “Täze demokratiýa” konserwatiw partiýasynyň agzasy Konstantinos Tasulas ýurduň täze Prezidenti saýlandy. Onuň dalaşgärligini premýer-ministr Kiriakos  Misotakis...