Mitsubishi Tokioda syýahat üçin gibrid krossower-kemperini görkezer

  • 18.10.2025 12:47
  • 3.6k+

Mitsubishi kompaniýasy 29-njy oktýabrda Tokioda açyljak Japan Mobility Show sergisinde täze konseptiniň premýerasyna taýýarlanýar. Öndüriji asfaltsyz ýollardan uzakda syýahat etmek we şol bir wagtyň özünde-de ýaşamak üçin döredilen synag awtomobilini, ähtimal, krossowerini görkezer.

Häzirlikçe brend ulagyň diňe daşky görnüşiniň bir bölegini we interýerini görkezýän iki tizeri hödürledi. Suratlardan görnüşi ýaly, ulagyň yzky bölegi uzaldylan görnüşde bolup, ol inçe yşyk diodly çyra we tigir arkalarynda plastik goragyna eýe boldy. Şeýle-de, ulagyň yzky böleginde metal gurluş görünýär – ol kemper enjamlaşdyryşynyň elementi bolup biler.
Ikinji suratda iki uly adam üçin ýatylýan ýer görkezilen. Ol salony üýtgetmek ýoly bilen düzülýän bolsa gerek. Potolokda we gapdal panellerde futuristik atmosferany döredýän diod çyralar bar.
Suratlaryň ikisi-de Japan Mobility Show-yň geçiriljek sergi merkezini görkezýän geografiki koordinatlar bilen üpjün edildi.
Mitsubishi konseptiň elektrikleşdirilen güýç enjamyna we ulag eýesiniň şahsy endiklerine we ýaşaýyş stiline görä sazlanjak şahsylaşdyrylan funksiýalara eýe boljakdygyny belleýär. 


05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

02.06.2026 20:53
4.9k+

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....

03.03.2026 16:26
5.5k+

Mitsubishi-niň täze krossoweri nykaplanan Nissan Leaf bolup çykdy

Internetde hakykatdanam täze Nissan Leaf-iň esasynda döredilen nykaply Mitsubishi elektrik ulagynyň suratlary peýda boldy. Kompaniýa ozal şu ýazda Leaf-iň platformasynda öndürilen ikinji önümçilik elektrik ulagyny hödürlejekdigini tassyklapdy...

16.01.2026 16:46
3.3k+

Mitsubishi dünýä bazary üçin Nissan Rogue krossowerini we Navara pikapyny ýygnap başlady

Mitsubishi Motors kompaniýasy Nissan brendi üçin iki modeliň önümçiligine başlady. Bu birikdirilýän gibrid enjamly Nissan Rogue krossoweri we Nissan Navara pikapydyr. Rogue plug-in hybrid ulagynyň önümçiligi 12-nji ýanwarda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň Okadzaki şäherindäki Mitsubishi zawodynda başlady...