Toyota kompaniýasy Century-ny Lexus-dan ýokary premium brend etmegi meýilleşdirýär

  • 17.10.2025 20:21
  • 4.4k+

Toyota konserni öz brend ulgamynda Century brendiniň ornuny takyk kesgitlemek isleýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Akio Toýoda Century-nyň geljekde Toyota-nyň flagmany bolup, Lexus-dan ýokarda durjakdygyny aýtdy.

Century hatarynyň haçan giňeldilip başlanjakdygy entek belli däl. Toýodanyň aýtmagyna görä, geljekde bu marka bilen konserniň eksklýuziw we kaşaň awtomobillerini çykarmak meýilleşdirilýär. Hatara aýratyn sargyt esasynda döredilen ulaglar – mysal üçin, ozal köpçülige hödürlenen Century krossoweriniň esasynda üýtgeşik kabriolet hem girip biler.
Şol bir wagtyň özünde, Lexus hem premium brend adyny saklar, ýöne has köpçülik üçin diýlip hasaplanar. Toyota-nyň brending müdiri Saýmon Hamfris Lexus-yň tejribeler we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin has erkin boljakdygyny belledi. Century bolsa däp-dessurlara we nusgawy stile baha berýän koserwatiw auditoriýa gönükdirilen bolar.
Toyota öz brendleriniň geljekki orunlary barada Japan Mobility Show sergisinde has giňişleýin maglumat berip biler. Bu ýerde kompaniýa birnäçe täze konseptini, şol sanda iki gapyly Century kross-kupesini we alty tigirli kaşaň Lexus miniwenini görkezer. 


09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....