Loewe Parfumes Crafted atly täze hoşboý ys hataryny çykardy

  • 17.10.2025 17:29
  • 2.7k+

Loewe Parfumes brendi Crafted atly täze hoşboý ys toplumyny hödürledi. "Bagyşla, bala" («Прости, детка») filmindäki we "Milliarder" («Миллиардер») serialyndaky keşpleri bilen tanalýan aktrisa Ýewa Wiktor toplumyň ýüzi boldy diýip, Hypebae habar berýär. 

Toplum üç sany atyrdan ybarat:

  • Bittersweet Oud — ud, ajy pyrtykal we sandal ysly;
  • Iris Root — irisiň, timut burçunyň we dýagil tohumlarynyň ysyny berýär;
  • Roasted Vanilla — çakyr agaç ysyny we gülgüne burçuň ýakymly ysyny birleşdirýär.

Her atyr çüýşesi elde aýnadan ýasalan.
Suratçy Tim Elkaým tarapyndan surata düşürilen Crafted mahabat kampaniýasy Loewe-niň täze döredijilik direktorlary Jek Makkolouw we Lazaro Ernandes ýolbaşçylykda taýýarlanan ilkinji taslama boldy.

04.03.2026 15:33
1.5k+

Louis Vuitton kompaniýasy Pasha baýramyna bagyşlanan şokolad şekiljikleriniň kolleksiýasyny çykarar

Louis Vuitton fransuz modalar öýi 2026-njy ýylyň Pasha baýramyna bagyşlanan Pasha süýji önümleri kolleksiýasynyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Satuwlar 13-nji martda başlaýar. Bu setir üç önümi öz içine alar: Egg Bag we mini Egg Bag görnüşindäki şokolad önümleri, şeýle hem towuk jüýjesiniň şekiljigi...

02.03.2026 16:04
1.1k+

Denim estetikasy ýüzüne siňen Lili-Rouz Depp Chanel-iň täze «Coco Denim» kolleksiýasyny görkezdi

Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi. Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär...

27.02.2026 11:50
6.6k+

Içi görünýän köwüşler — 2026-njy ýylyň täze trendi

2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminde 90-njy ýyllarda ýoň bolan içi görülýän köwüşler moda görä geýinmegiň baş alamatlarynyň biri bolar. Şunlukda köwüşleriň häzirki zaman materiallary bilen utgaşdyrylan sypaýy görnüşleri ýene-de moda dünýäsine gaýdyp geler...

26.02.2026 05:32
2.9k+

Alýumin bägül, goňur wafli... Jacquemus we Nike üýtgeşik reňkli krossowkalary hödürleýär

Jacquemus we Nike brendleri bahar möwsümi üçin Jacquemus x Nike Moon Shoe SP krossowkalarynyň täze reňklerini çykardy. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Aýakgabyň dizaýny 1972-nji ýylyň taryhy modeline esaslanýar...