Audi meşhur “Gelendwagen” bilen bäsleşip biljek ulagyny taýýarlamaga girişdi

  • 17.10.2025 12:16
  • 6.2k+

Mercedes-Benz G-Class 1970-nji ýyllaryň ahyryndan bäri  elli ýyla golaý wagt bäri nemes awtoulag stiliniň nyşany bolup galýar. BMW-niň X5 we XM ýaly modelleri bar, emma hakyky “Gelendwageniň” bäsdeşi häzire çenli döredilmedi. Audi hem bu ugra kän wagtlap üns bermändi, emma indi ýagdaý üýtgäp biler.

Çeşmelere görä, Audi Mercedes-Benz G-Class-a gönüden-göni bäsleşip biljek iň ýokary derejeli täze awtoulagyñ üstünde işleýär. Bu taslama markanyň taryhynda iň “berk” model bolmaga dalaş edýär.
Detallar entek gizlin saklanylýar, emma hünärmenleriň çaklamalaryna görä, täze modeliň esasynda Q6 e-tron konsepti bolup biler. Ol awtoulagyň ýolsuz ýerlere çydamlylyk mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin ýörite güýçlendirilen asma ulgamy we portally köprüler bilen enjamlaşdyrylyp bilner.
Täze awtoulagyň önümçiliginiň, öňki maglumatlara görä, ABŞ-da — Volkswagen Group-yň zawodlarynda gurnalmagy mümkin.
Audi-niň içinde “Defender” bilen “G-Class” arasyndaky boşlugy doldurjak model döretmek baradaky pikir birnäçe ýyl bäri ara alnyp maslahatlaşylýar. 2023-nji ýylda şol wagtky baş dizaýner Mark Lihtë bu segmentde “boş ýer” bardygyny aýdypdy.
Häzirki baş direktor Gernot Döllner hem Autocar neşirine beren söhbetdeşliginde bu taslamanyň üstünde işiň dowam edýändigini tassyklaýyp, jikme-jiklikleriň soňrak yglan ediljekdigini aýtdy.


20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....